Türk­men Bi­ta­rap­ly­gy – dün­ýä nus­ga­lyk

11 Dekabr 2024
129

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ösüş we ro­waç­lyk ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň tä­ze ta­ry­hy şöh­rat­ly iş­le­re, be­lent de­re­je­le­re bes­len­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň da­şy­na mä­käm je­bis­le­şen bag­ty­ýar hal­ky­myz «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da aja­ýyp wa­ka­la­ra, ösüş-öz­gert­me­le­re şa­ýat bol­ýar, her bir toý-baý­ra­my ag­zy­bir­lik­de giň­den bel­läp geç­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 29 ýyl­lyk baý­ra­my ulu­dan da­ba­ra­lan­dy­ry­lar.

Bi­ta­rap­lyk baý­ra­my – naý­ba­şy se­ne­le­riň bi­ri. Äh­li­mi­ze mä­lim bol­şy ýa­ly, 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 50-nji mej­li­sin­de Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­ yg­lan edil­di.