Milli metbugat: döwrebap şertler we talaplar

6 Ýanwar 2021
2017

Metbugat — döwrüň aýnasy. Döwrüň gündelik keşbi onuň sahypalarynda öz şöhlelenmesini tapýar. Şeýlelik bilen hem döwrüň her demi, ýürek urşy şol sahypalarda taryh bolup galýar. Şu hakda oýlananyňda: «Taryh ilki gazetde ýazylýar» diýen jümle hakydaňa dolýar. Biz bu ýerde döwrüň demi diýip onuň her bir täzeligini, ýürek urşy hökmünde bolsa wakalaryny göz öňünde tutýarys. Olar bir ýerde durman, yzygiderli täzelenip, dowam edip durýar. Döwrüň şol täzelikleridir wakalary bilen döwür bolýandygyny, hut şolar bilen hem dowam edýändigini görüp, duýup bolýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri göwün galkyndyryjy täzelikleri, ykbal özgerdiji wakalary bilen ýurdumyzyň bu günki şöhratly taryhynyň sahypalaryna ýazylýar. Bu ajaýyp döwri esaslandyryjy milli Liderimiz islendik ulgamda alnyp barylýan işlerde döwrüň talabyndan ugur alynmalydygyny hemişe nygtaýar. Şu babatda 2020-nji ýyl döwür bilen aýakdaş gitmekligiň has-da işjeňleşen ýyly boldy diýsek ýalňyşmarys. Bu ýylda ýiti ýokanç kesel zerarly dünýäde dörän ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly ädimlerini birjik-de gowşatmady. Şonuň bilen birlikde-de döwrüň öňde goýan täze wezipelerinden ugur alnyp, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden has işjeň, netijeli peýdalanyldy. Bu jähetden, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzak aralykdan, wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ençeme duşuşyklary, maslahatlary we başga-da birnäçe çäreleri mysal getirmek bolar.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».