Ab­ra­ka­dab­ra ja­dy­ly sö­züň ta­ry­hy

6 Dekabr 2024
181

Ab­ra­ka­dab­ra! Ja­dy­nyň ny­şa­ny­na öw­rü­len bu söz di­ňe bir göz­bag­çy­lar ta­ra­pyn­dan ula­nyl­man, eý­sem, ar­zuw­la­ry­ňy ama­la aşy­ry­jy gud­rat­ly söz hök­mün­de ça­ga­lar ta­ra­pyn­dan hem ula­nyl­ýar. Köp­ler müň­ler­çe ýyl­lyk ta­ry­hy bo­lan bu sö­züň şy­pa be­ri­ji hä­si­ýe­ti­niň bar­dy­gy­na, er­bet güýç­ler­den go­ra­ýan­dy­gy­na ynan­ýar. Dür­li emel­le­ri gör­kez­ýän göz­bag­çy­lar tä­sin bir ýag­da­ýyň ýü­ze çyk­ma­gy üçin «ab­ra­ka­dab­ra» di­ýip gy­gyr­ýar. Şeý­le­lik­de, düý­bün­den bol­ma­jak bir gör­nüş köp­çü­li­giň öňün­de peý­da bol­ýar. My­sal üçin, şlýa­pa­nyň için­den tow­şan­jy­gyň gu­la­gy­ny üşerdip çyk­ma­gy, ýüzi şekilli kart­la­ryň hem­me­si­niň bir­meň­zeş açyl­ma­gy we ş.m.

Ab­ra­ka­dab­ra ara­meý di­lin­dä­ki «avra keh­dab­ra» söz dü­zü­min­den ge­lip çy­kyp, «aý­dy­şym ýa­ly ed­ýä­rin, diý­şim ýa­ly dö­red­ýä­rin» di­ýen ma­ny­la­ry ber­ýär. Ta­ry­hyň do­wa­myn­da bu söz beý­le­ki dil­le­re-de ge­çip, gud­rat­ly söz hök­mün­de ynan­ja öw­rü­lip­dir.