Her halkyň özüne mahsus nusgalyk tagamlarynyň bolşy ýaly, koreýler hem dünýäniň aşpezçilik sungatyna özboluşly tagamlary bilen goşant goşupdyr. Koreý aşhanasy diýlende köpler, ilki bilen, kimçi işdäaçarynyň adyny tutýar. Koreý aşhanasynyň iň naýbaşy tagamlarynyň biri bolan kimçi saglyk üçin iň peýdaly işdäaçarlaryň biri hasaplanýar. Eýsem, «koreý aşhanasynyň täji» hasaplanýan bu işdäaçaryň syry nämede? Bu işdäaçar hakykatdanam peýdalymy?
Kimçiniň dürli görnüşi bar. Bu görnüşler işdäaçara goşulýan gök-bakja önümlerine görä üýtgeýär. Däp bolşy ýaly, bu işdäaçara duzlanan napa kelemi (hytaý kelemi), turp, ter hyýar, käşir, ýaş sogan, sarymsak, zenjebil, zeýtun ýagy, gyzyl burç, sirke, künji, şeker, süýji tüwi uny we gaýa duzy goşulýar. Adatça kimçi taýýarlamak bir gün wagt alýar. Ilki bilen ýumşak hem uzyn ak baldakly napa kelemi 6 sagat töweregi duzly suwda saklanýar. Duzly suw kelemdäki bakteriýalaryň ösmeginiň öňüni alyp, ysyny aýyrýar we ýumşak bolmagyny üpjün edýär. Kelem duzly suwdan çykarylyp, suwy syrygyp doly akýança goýulýar we gyzyl burç, sirke we zeýtun ýagy bilen marinad edilýär. Soňra tüwi unundan bulamak taýýarlap, içine külke gyzyl burç goşulýar. Uly jamyň içine inçe dogralan turpy, hyýary, ýaş sogany we käşiri atyp, gaýa duzuny sepmeli. Duzlanandan soň gök önümleriň üstüne sarymsak, zenjebil we gyzyl burçly goýaltmany guýmaly. Soňra kelemi dörtden bir bölege bölüp, ýapraklarynyň arasyna jamdaky gök önümli goýaltmany sürtüp çykmaly. Kelem gök önümler bilen mazaly alşandan soň, agzy ýapyk gaba salyp, otag temperaturasynda 24 sagat goýmaly. Işdäaçar 3-4 gün geçse, has tagamly bolýar. Taýýar bolan işdäaçary sowadyjyda 2 aýlap, gaplanan görnüşde 1 ýyla çenli saklap bolýar.