Birnäçe hepde dowam eden içerki maslahatlardan soň, Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasy (SPD) Kansler Olaf Şolsy geljek ýyl ýurtda geçiriljek Prezident saýlawlarynda esasy dalaşgär hökmünde hödürlemek kararyna geldi. Bu barada Olaf Şolsuň SPD-niň egindeş ýolbaşçylary Lars Klingbaýl we Zaskiýa Esken bilen bilelikde gatnaşan metbugat maslahatynda mälim edildi.
Syýasy barlaglar instituty INSA-nyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda iň meşhur nemes syýasatçysy goranmak ministri Boris Pistoriusdyr. Muňa garamazdan, Boris Pistorius wideo ýüzlenmesinde adyny dalaşgärleriň sanawyndan aýyrýandygyny, şeýlelik bilen Olaf Şolsuň dalaşgärligine ýol açýandygyny aýtdy.