Sagdyn jemgyýet – kuwwatly döwlet
Saglygyny berkitmek her ynsanyň öz elinde. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmazdan burun» diýip belleýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, onuň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlarymyzyň saglygyny goramak üçin ýurdumyzda köpçülikleýin wagyz-nesihat duşuşyklary, öňüni alyş çäreleri guralýar, azyk howpsuzlygyny ýola goýmak ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ata Watanymyzyň halkara guramalarynyň birnäçe güwänamalaryna mynasyp bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan BMG we onuň iri düzümleri bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we berkitmäge aýratyn ähmiýet bermek, lukmançylyk hem-de ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öňe sürmek bilen, özara işjeň, netijeli, maksatnamalaýyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Häzirki wagtda hem BMG, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralary we ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklarymyz has-da işjeňleşdirilýär. Telelukmançylyk we tel