Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebanyň golaýynda Afrika yklymynda iň uly halkara howa menzilini gurmak barada karar kabul edildi. Maglumatlara görä, howa menzili ýylda 100 million ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Afrikanyň iň uly we iň çalt ösýän awiakompaniýasy «Ethiopian Airlines» Efiopiýanyň täze howa menziliniň dizaýnyny işläp düzmek maksady bilen DAR halkara konsalting topary bilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekdi.
«Ethiopian Airlines» toparynyň baş direktory Mesfin Taseunyň sözlerine görä, toplumyň bahasy 6 milliard dollara deň bolup, meýdany 35 inedördül kilometr bolar. Howa menzili ýurduň paýtagtyndan 17 kilometr uzaklykdaky Bişoftun şäheriniň golaýynda bäş ýylyň içinde gurlup, ulanmaga berler. Şeýle hem DAR ägirt uly gurluşyk taslamasy üçin kärendeçileri saýlar.