Aziýa Futbol konfederasiýanyň täzeçe atlandyrylan AFK Çempionlar Ligasy 2 (ozalky AFK Kubogy) ýaryşynyň saýlama tapgyryna gatnaşan ýurdumyzyň «Altyn asyr» topary ýeňiş gazanmagy başardy. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň wise-çempiony «Altyn asyr» myhmançylykda Hindistanyň «Ist Bengal» toparyndan 3-2 hasabynda üstün çykdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri Lalhlansanganyň goly bilen ilkinji bolup hasaby açsa-da, ildeşlerimiz gysga wagtda jogap goluny urdy. 18-nji minutda Myrat Annaýew hasaby deňlän oýunçy boldy. Duşuşygyň 28-nji minutynda Selim Nurmyradow aragatnaşykçylary öňe saýlady. 52-nji minutda Mihail Titow aratapawudy
2 gola çykardy. 59-njy minutda ýer eýelerinden Saul Kresponyň goly hindistanlylara ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. Şunlukda, Hindistandan 3-2 hasabynda ýeňiş bilen dolanan «Altyn asyr» topary AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynda toparçalarda çykyş etmäge hukuk gazandy.