Gyzyl saçlylaryň festiwaly
Niderlandlaryň Tilburg şäherinde däp bolan gyzyl saçlylaryň festiwaly geçirildi. Üç günläp dowam eden şüweleňe 80 ýurtdan 10 müň adam gatnaşdy. Festiwalyň çäklerinde gatnaşyjylar ýadygärlik surata düşdüler, şeýle-de saçyň bejerilmegi, senetçilik işleri ýaly çäreler geçirildi. Ýurtda gyzyl saçlylaryň festiwaly ilkinji gezek 2005-nji ýylda höwesjeň suratkeş Bart Ruwenhorstyň 15 sany gyzyl saçly model tapmak üçin gazete bildiriş bermegi bilen başlapdyr. Bildirişe 150 adam ýüz tutupdyr. Şeýle köp gyzyl saçlynyň bardygyna haýran galan Ruwenhorst şular ýaly çäräni guramak kararyna gelipdir.