ŞANLY GARAŞSYZLYGYMYZYŇ ŞUGLASY

30 Awgust 2024
41

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ata Wa­ta­ny­my­zy, mäh­ri­ban hal­ky­my­zy röw­şen gel­je­ge, be­lent sep­git­le­re alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da döw­le­ti­mi­ziň ba­ky ber­ka­rar­ly­gy­nyň hem-de hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň mi­ze­mez ke­pi­li bo­lan mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my uly da­ba­ra­la­ra bes­le­nip bel­le­nil­ýär. Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­mi­ze buý­sanç dö­red­ýän, şöh­rat­ly geç­mi­şi­mi­ze, nu­ra­na gel­je­gi­mi­ze yna­my go­şa­lan­dyr­ýan be­ýik baý­ram­dyr. Ga­raş­syz­lyk mil­le­tiň we döw­le­tiň yk­ba­ly­na ägirt uly tä­sir ed­ýän mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň naý­ba­şy­sy­dyr. Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my pe­der­le­ri­mi­ziň wes­ýet eden yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri­niň do­ly dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň, ga­raş­syz döw­let, ada­lat­ly jem­gy­ýet ha­kyn­da en­çe­me asyr­lap edip ge­len ar­zuw­la­ry­nyň wy­sal bo­lan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Şu nuk­daý­na­zar­dan, ar­şyň al­tyn şug­la­sy­na, tyl­la Gü­nüň nu­ru­na de­ňel­ýän Ga­raş­syz­lyk mu­kad­des dü­şün­je­dir. Çün­ki yk­ba­ly çü­wüp, bag­ty gö­te­ri­len her bir yn­san­da wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy­ny ös­dür­ýän bu ke­rem­li söz özün­de ägirt uly ma­ny-maz­mu­ny jem­le­ýär. Mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­myz­dan bi­ze mi­ras ga­lan eziz Wa­ta­ny­my­zyň şöh­rat­ly geç­mi­şi­ne, şu gü­nü­ne we be­ýik gel­je­gi­ne düýp­li dü­şün­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän bu gud­rat­ly söz mil­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň göz­ba­şy­dyr.

Ga­raş­syz­lyk ýurt ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň sars­maz sü­tü­ni­dir, er­ka­na­ly­gy­my­zyň mä­käm bi­na­sy­dyr. Ga­raş­syz­lyk mil­le­ti­mi­ze eg­sil­mez güýç ber­ýän, ne­sil­le­re ynam ber­ýän gud­rat­dyr. Ine, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şu aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da oý­la­na­nyň­da kal­by­ňy: «Ga­raş­syz­lyk – yk­ba­ly gö­te­ri­len türk­me­niň bag­ty­nyň al-as­man­da ga­nat ýaý­ma­sy!» di­ýen buý­sanç­ly owaz gap­lap al­ýar. Mu­kad­des Garaşsyzlygymyzyň tyl­la­ýy sä­he­rin­den baş­lan­ýan toý­dur baý­ram­la­ra bes­len­ýän bag­ty­ýar, bagt­ly, şat­lyk­ly gün­le­ri­miz bi­ri-bi­ri­ne zyn­jyr ki­min sep­le­şip, her bir türk­me­nis­tan­ly­ny bagt­ly gel­je­gi­ne sa­ry ynam­ly alyp bar­ýar. Bagt ýol­la­ryn­dan bat­ly ga­dam­lar bi­len bar­ýan türk­men hal­ky­nyň yk­ba­ly mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ýyl­la­ry için­de ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­di.