Su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz yla­la­şy­gy ga­za­nyl­dy

30 Awgust 2024
58

Ka­tar bi­len Ku­weý­tiň ara­syn­da su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz şert­na­ma­sy­na gol çe­kil­di. Şert­na­ma gö­rä, Ka­ta­r Ku­weý­te 15 ýyl­lap her ýyl­da 3 mil­li­on ton­na su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz be­rer. Mun­dan ozal iki ýur­duň ara­syn­da bu ugur­da­ky yla­la­şy­ga 2020-nji ýyl­da gol çe­ki­lip­di. Ku­weýt elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na art­ýan is­le­gi ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin gaz­dan peý­da­lan­ýar. Yla­la­şy­ga «Qata­rE­ner­gy» hem-de «Ku­wa­it Pet­ro­le­um Cor­po­ra­ti­on» (KPC) kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­la­ry gol çek­di. Ka­tar gel­jek ýy­lyň ýan­wa­r aýyn­dan baş­lap, Ku­weý­te tä­ze şert­na­ma gö­rä gaz be­rip baş­lar.

Su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz önüm­çi­li­gin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ka­tar hä­zir­ki wagt­da ýyl­lyk 77 mil­li­on ton­na bo­lan önüm­çi­li­gi­ni 2030-njy ýy­la çen­li 142 mil­li­on ton­na çy­kar­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.