"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Şowhunly baýramçylyk dabarasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Halkara zenanlar gününiň dabaralary welaýatymyzda şatlyk we şowhunly dabaralara beslenýär. Edara-kärhanalarda, guramalarda, medeni ojaklarda ýaýbaňlandyrylan dabaralar ýurdumyzda zenan sarpasynyň belentdiginiň özboluşly dabaralanmasyna öwrülýär. Welaýat merkezi Änew şäherindäki «Bagt ýyldyzy» toý mekanynda geçirilen dabara ruhubelentlik alamaty mahsus boldy. Baýramçylyk dabarasyny welaýat häkimligi, welaýatyň we Ak bugdaý etrabynyň jemgyýetçilik guramalary hem-de welaýat Medeniýet müdirligi bilelikde gurady.

Şanly sene mynasybetli

Ahal welaýat kitaphanasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti tarapyndan guralan duşuşyga işjeň partiýa agzalary gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar, ilki bilen, welaýat kitaphanasynyň şanly senä bagyşlanan göçme kitap sergisi bilen tanyşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleri kitap sergisiniň özboluşly bezegine öwrüldi.

Türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgeleri dabaralanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kanunçylygy we hukuk tertibini, dolandyryşy we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä götermek döwlet edaralarynyň işini kämilleşdirmek wezipesini öň hatara çykardy. Döwrüň talabyna görä, Baş Kanun hem, onuň esasynda kabul edilýän kanunlar hem kämilleşdirilýär. Kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet gurluşyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugry bolup durýar.

Şa serpaýyňyz üçin sag boluň, Arkadagymyz!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly hem-de ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýlaryna barylýan günlerinde 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli körpeje gyzjagazlardan başlap, gelin-gyzlarymyzyň ählisine hem-de kümüş saçly mährem enelerimize hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy ýapyldy. Bahar paslynyň buşlukçysy bolup gelen bu baýramyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň birnäçesiniň buýsançdan doly alkyşly sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy Gunça Allanazarowa «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýesi boldy. Şeýle-de 8 çagaly bu bagtly zenanyň maşgalasy döwrebap, kaşaň täze jaýa göçüp bardy. Olaryň bu günki gün buýsançdyr begençleriniň çägi ýok. Bizem olaryň şatlygyna goşulyp, bu döwletli maşgala «Ýurt garşy alsyn!» diýýäris.

Lezzetli sowgat

8-nji mart – Halkara zenanlar güni her bir maşgalada, her bir ojakda dürli görnüşde bellenilip geçilýär. Häzirki döwürde ösen tehnologiýanyň kömegi bilen baýramçylyk desterhanlarynyň bezelişi döwrebap häsiýete eýe boldy. Naz-u-nygmata baý desterhan bezegleriniň özgerşinde aşhana dizaýnerleriniň hem mynasyp paýy bar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan belleniljek «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gelin-gyzlarymyzyň halkara baýramynyň nyşany bolan 8-ligiň şekilini miwelerdir gülleriň, süýjülikleriň dürli görnüşleri bilen bezelişi özboluşly sungat eserine meňzeş. Şeýle sowgatlyklar bolsa, bahar göwünli gyz-gelinlerimize, kalplary söýgüden doly enelerimize ýatdan çykmajak sowgat bolar. Baýramyňyz gutly bolsun, Garaşsyz döwletimiziň mähriban zenanlary!

Nurana dünýäniň ýaraşygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiz döwletimiziň syýasy, ykdysady we durmuş syýasatynda uly özgertmeleriň amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikleri döretdi. Bu özgertmeler tutuş ilatyň, şol sanda zenanlaryň jemgyýetde tutýan orunlaryna hem öz täsirini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen aýdyň ýörelgesiniň esasynda zenanlar jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli gurşawlarynda zähmet çekmek bilen, bu ugurlarda döwletimiziň iri möçberli durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berýärler. Döwletimizde zenanlaryň öňünde giň mümkinçilikler açylmak bilen, olara bilim almaga, telekeçiligi we ylmy işleri amala aşyrmaga mümkinçilikler döredildi. Olar diňe bir ykdysady ulgamlaryň, jemgyýetçilik durmuşynyň işlerine däl-de, eýsem, döwlet häkimiýetiniň ähli derejelerdäki wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralarynyň işlerine hem işjeň gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, zenanlar islendik jemgyýetde örän uly dörediji orny eýeleýärler. Taryhda yz goýan zenanlaryň köpüsiniň edebi döredijilik bilen meşgullanyp, uly mertebä eýe bolandygy hakynda ençeme ylmy maglumatlara duş gelmek bolýar. Muny gadymy ýazuwly edebi geçmişi bolan türkmen halkynyň öz jümmüşinden gaýnap çykýan pähim-paýhas hazynasy bolan gadymy golýazma çeşmeleri hem tassyk edýär. Şeýle zenanlarymyz öz ýiti zehini, irginsiz zähmeti, ukyby we başarnygy bilen e

Ömrümiziň örki, durmuşymyzyň görki siz, mähribanlar!

Bu gün 8-nji mart — Halkara zenanlar güni. Bu şanly senede, halkara baýramda ýurdumyzda hemişe çuňňur hormatyň eýesi bolan kümüş saçly eneler, baýdak ýaly gelinler, bägül deýin gyzlar, gunça kimin gyzjagazlar aýratyn söýgi, mähir bilen gurşalyp alynýar, has-da mertebelenýär we sarpalanýar. Bu mähribanlar biziň ömrümiziň örki, durmuşymyzyň görki. Şonuň üçin, olara sowgat-serpaýymyzy-da, elwan gülli çemenlerimizi-de, ýürekden ýürege ýetýän gutlagly sözlerimizi-de jomartlyk bilen eçilýäris. Olar muňa hemişe, aýratyn-da şu gün mynasyp mähribanlar. Ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilýän bu nurana baýramçylyk barada oýlananyňda, ýazyň hem-de eneleriň, gelin-gyzlaryň arasynda meňzeşligiň, ýakynlygyň, sazlaşygyň bardygy baradaky oý-pikirler seriňe dolýar. Bahar pasly-da, eneler, gelin-gyzlar hem ajaýyplygy, tebigylygy, gözelligi bilen ýakymly täsir galdyrýar, kalba ruhubelentlik, ylham, joşgun bagyş edýär, köňli heýjana salýar. Bahar pasly bilen baglanyşykly, eneler, gelin-gyzlar hakdaky goşgularyň şeýle köp bolmagy, aýdymlaryň kalplary heýjana salmagy, megerem, şonuň üçindir!

Eziz Watanymyzyň bagtyýar zenanlary

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Halkara zenanlar güni uly dabara bilen bellenilýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde toýlarymyz toýa ulaşyp, baýramlarymyz goşa-goşadan gelýär. Nesip bolsa, bu ýylda halkymyz üçin örän şatlykly şanly seneleriň biri bolan ak mermere beslenip oturan gözel Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramy, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy uly üstünliklere beslenip, ýeneki ýyllara badalga berer. Bu döwletlilikden, agzybirlikden, jebislikden nyşandyr. Sebäbi asmanymyz arassa, zeminimiz parahat bolanda, ýurtda adamyň sarpasy belent tutulanda, toýlar-toýa ulaşyp, rysgal-döwletimiz artyp, berekedimiz zyýada bolýar. Durmuşymyzyň bezegi ak saçly enelerimiz bu günki gün ýaşlarymyza ene-mamalarymyzdan gelýän edep-terbiýe mekdebini öwredip, görelde bolup, jemgyýetimiziň görküne görk goşýar. Goja zeminiň gözelleşmeginiň özenini ak saçly enelerimiziň nurana keşbinde, gül-gunça ýaly gelin-gyzlarymyzyň mähriban ýüzünde görmek bolýar. Türkmenler hemişe zenan maşgala sarpa goýup, onuň mertebesini beýik saýypdyrlar.

2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan dalaşgärler barada maglumat

Mary welaýaty boýunça

Gyzly öý — gyzylly öý

Halkymyz hemişe-de zenan maşgala aýratyn hormat goýup gelipdir. Zenanlary ýyly ojagyň eýesi, ýigitleriň ar-namysy, gözelligiň, edep-ekramyň, dowamatyň nyşany hasaplapdyrlar. Bagt, baýlyk, agzybirlik, döwletlilik ýaly mukaddes düşünjeler aýal-gyzlar bilen baglanyşdyrylypdyr. Halkymyzda «Gyzly öý — gyzylly öý» diýen nakyl bar. Bu hem türkmenleriň gyz maşgala näderejede uly hormat goýýandygyny doly äşgär edýär. Bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistan Watanymyzda zenan sarpasy ata-babalarymyzdan miras galan milli ýol-ýörelgeleriň esasynda dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda aýal-gyzlarymyz döwlet tarapyndan aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Maşgalanyň, enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak, zenanlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Ýurdumyzda 8 we ondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdirýän zenanlara «Ene mähri» diýen hormatly at dakylýar. Ösüp gelýän ýaş nesilleri öz Watanyna söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde aýratyn hyzmatlary bitiren zenanlar «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanýar. Bu hem ýurdumyzda enelige aýratyn hormat goýulýandygynyň, zenanlaryň maşgala bitewüligini gorap saklamakdaky ornunyň döwlet derejesinde sarpalanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Joşgunly ýaňlanan owazlar

Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän medeni-köpçülik çäreleri welaýatymyzda hem ýatdan çykmajak pursatlara beslenip, ata Watanymyzda mährem gelin-gyzlara goýulýan hormat-sarpanyň ýokarydygyna kepil geçýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan

Bir gezek ogullary enesiniň ýanyna gelip, ondan özleriniň haýsysyny gowy görýändigini soraýarlar. Eneleri ojaga öz mährinden ot berýär-de: — Ine, şu meniň size söýgim — diýýär. Soň ol ýene bir ojaga ot berip:

Dünýäniň ýaraşygy ene

Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda: «Dünýäniň akyldarlary, weliler, ýagşyzadalar hakyndaky tymsallarda hem gowy adam bolmagyň ýoly enä goýulýan hormatdan ýagtylanýar. Ene ýaradylyşda dowamatyň dowam etmeginiň başlangyjydyr. Ene ähli ýaradylyşa dahylly beýik düşünjedir. Enä minnetdar bolmak özüňe, şu dünýä, tutuş barlyga dahyllydygyňa soňsuz hoşallygyňdyr» diýýär. Parasatly ata-babalarymyz zenanlaryň durmuşdaky ornuna mukaddeslik hökmünde gadyr-gymmat goýupdyrlar. Dünýädäki altyn-kümüş, göwher, dür, zümerret, ýakut ýaly ajaýyplyklary olara rowa görüpdirler. Sözleriň naýbaşysy bolan «eziz», «mähriban» ýaly jümleler bilen olara ýüzlenipdirler. Zenanlara ojagyň diregi, öýleriň gelşigi, toýlaryň ýaraşygy, ýaşaýşyň gözbaşy, adamzat ähliniň ömürbaky terbiýeçisi hökmünde tagzym edipdirler.

Baryňda bagtlydym, käbäm! (Oýlanma)

Her gezek eneleriň ady tutulanda, ynsan ähliniň akyl ummanyna haýran galýaň. Eneleriň ýaz ýaly mylaýymlygyndan, Güneş ýaly mähremliginden çen tutup, baharyň ilkinji baýramy bellenip başlandymyka?! Werbena, gargüli, ýazgüli... ýaly ilkinjije janlanýan näzik läleleriň ykbaly bilen baglanyşdyryp, perzentlerine janyndan jan, ganyndan gan, akylyndan parasat, ýüreginden söýgi berýän mähribanlarymyzyň bagtyýarlygynyň şanyna toý tutmagy müwessa bildilermikä?! Bu belli däl, ýöne bir hakykat welin ap-aýdyň. Enelerimizi ýatlanymyzda, ähli melul damarlarymyzyň tars-tars urup, bizi süýjüje ýatlamalaryň kenaryna alyp gidýändigi. Şol pursat bize barlygy bagyş eden käbelerimiz ýagty jahanda ýaşap ýören bolsa, derrewjik sesini eşitmäge, didaryndan doýmaga howlugarsyň. Öz ýerine özüne meňzeşleriň birnäçesini goýup, kiçiligimizden gulagymyza guýşy ýaly, ak leglege öwrülip uçup giden bolsa welin, birsalym hyýalyňda onuň mährem gözlerini, gataňsy bolsa-da, ýag ýaly ýakymly ellerini küýsäp, ýatlamalaryňy dowam edersiň. Hakydalar derýasynyň güzerinde durşuňa, şol agzalýan pursatlaryň ikinjisini başdan geçirýändigiňe hem müňde bir razy bolup, ejeli günlere berlersiň. Käteler maňa kärdeş ýoldaşlarym: «Gelneje, gaty şahyrana gürleýäňiz, köp okaýaňyz öýdýän?» diýen sowal bilen ýüzlenýärler. Şol pursat dessine siziň şirin sözleriňiz, gelişdirip aýdan jümleleriňiz, ýuwaşja hiňlenen aýdymlaryňyz gulagymda

Zeminiň zynaty, dünýäniň durky

Togsan dolup, ýere ýyly gitdi. Tebigat gyş ukusyndan oýanyp, ýaşyl begrese beslendi, al-elwan güller atyr ysyny saçdy. Baharyň buşlukçysy bolup äleme dolan bu gözellik ynsan göwünlerini hem ýakymly duýgular bilen gurşap aldy. Bu gün biz ýaz güllerinden boglan çemenleri baharyň hut özi kimin görkana gelin-gyzlarymyza, mähriban enelerimize sowgat berýäris. Sebäbi nurana pasyl özi bilen zenanlar baýramyny hem alyp geldi. Mährem zenanlarymyzyň baýramçylygynyň ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilmeginiň özboluşly manysy bar. Baharyň gelmegi bilen tebigatyň görküne görk goşulyp, tutuş barlyk özgerýän bolsa, adamzat durmuşynda ýaşaýyş zenan diýilýän mertebeli ynsandan gözbaş alýar. Olaryň näzikligem, mylaýymlygam bir-birine juda meňzeş bolup, bilelikde gözelligiň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýärler. Şonuň üçinem olary taryplap, şahyrlarymyz goşgy, aýdymçy-sazandalarymyz aýdym döredýärler.

8-nji mart gutlaglary

■ Eje jan! 8-nji mart baýramyň bilen gutlaýan! Seni hemme kişiden gowy görýän! Baýramyňa sowgat etmek üçin surat sapagynda ikimiziň suratymyzy çekdim. Mugallym: «Berekella!» diýip, 5-lik goýdy. Görseň, senem halarsyň, eje! ■ Halkara zenanlar günüňiz gutly bolsun, mugallym! Siz bize öwretdiňiz-ä, baýramçylykda ululary gutlasaňyz, olar begenerler diýip. Menem sizi begendirmek isledim. Ulalamda-da siz ýaly mugallym bolmak isleýän, çagalara akylly, edepli bolmagy öwretjek.

Gündeligiň gatyndan...

♦ Onuň dünýäsi başgady. Meniň iň ezizlerimiň biridi ol. Ýazyň ýakymly howasynda howludaky sekide oturyp, çaý içmegi halardy. Baýramyny hemişe kagyzyň ýüzüne iň owadan hasaplaýan güllerimi çekip, daşyny hem «Eneme» diýen ýazgy bilen bezäp gutlardym. Enemiň şol pursatdaky keşbi henizem gözümiň öňünde duran ýaly… ♦ Mart aýy sag-aman bosagadan ätledigi boldugy, kellämde «Nädip ejemi begendirmeli?» diýen sorag döreýär. Çagajykdym, ýüregimdäki iň eziz sözlerimi goşgy setirlerine geçirenimden soň, okap bermäge-de utanyp, ony ejeme has täsirli ýetirmek üçin kagyza ýazdym. Bu pikirimi has adaty göremsoň, şarjagazyň ýüzüne ýazmagy makul bildim. Arman, olam meniň duýgularyma çydam edip bilmedi…

Dünýäniň görki

Türkmen maşgalasy, gelin-gyzlary öz edebiniň hem paýhasynyň gözbaşyny şöhratly taryhymyzyň jümmüşinden alyp gaýdýar, onda ata-babalarymyzyň döreden asylly däp-dessurlary, Oguz hanyň, Gorkut atamyzyň ýörelgeleri, öwüt-ündewleri, pähim-paýhaslary bar. Maşgala ojagynyň mukaddesligi, ene-ata, ula hormat, kiçä sarpa goýmak, geçirimlilik, mähirlilik, sadalyk we zähmetsöýerlik ýaly belent ahlak häsiýetler hem halkymyzyň taryhy köklerinden dowam edip gelýär. Hormatly Prezidentimiz: «Maşgala türkmen jemgyýetiniň özeni bolup durýar. Ol özboluşly ilkinji guramadyr. Onda gatnaşyklaryň köp ugurly görnüşleri kemala gelýär we dürli meseleler çözülýär. Her bir maşgala maddy we ruhy taýdan üpjün bolmalydyr, ýurdumyzyň mynasyp raýatlaryny terbiýeläp ýetişdirmek üçin özbaşdak we jogapkär bolmalydyr. Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet şonça-da hemmetaraplaýyn baý bolýar. Biziň wezipämiz bolsa türkmen maşgalasynyň sütünlerini gorap saklamakdan we berkitmekden, onuň maddy üpjünçiligini gowulandyrmakdan ybaratdyr» diýip belleýär.

Toý lybasly Aşgabat

Güneşli Diýarymyzda şanly seneler, baýramçylyklar ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilip geçilýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny, şeýle hem ak mermerli paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny ýokary derejede, uly baýramçylyk ruhunda geçirmek babatda alnyp barylýan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Merjen şäherimiz Aşgabat şu günler toý lybasyna beslenýär. Şanly sene mynasybetli paýtagtymyzyň köçelerine bezeg berip duran ajaýyp ýazgylaryň ýerleşdirilmegi aşgabatlylaryň we myhmanlaryň ata Watanymyzyň beýik ösüşlerine, ak şäherimize bolan ýürek buýsanjyny artdyrýar. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde ösdürilip ýetişdirilýän al-elwan güller bilen paýtagtymyzyň giň we nurana şaýollary, seýilgähleri ezber bagbanlar tarapyndan bezelýär. Bu bolsa ak mermerli binalaryň tebigat bilen özara sazlaşygyny döredip, ajaýyp gözellige eýe bolmagyna getirýär. Paýtagtymyzyň beýik ösüşleri, täsin binagärligi, arassalygy biziň her birimizi zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasata ýugrulan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň netijesinde türkmen paýtagty bu gün ýaşaýyş üçin ähli şertleriň döredilýän mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Muňa Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda ak mermere bürenen Aşgabat şäherimiziň, täsin desgalarymyzyň mynasyp orun tapmagy hem

Bagtyýarlyk joşguny

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary, taýsyz tagallalary bilen uly ösüşlere eýe bolýan Diýarymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni möhüm ähmiýetli taryhy wakalara beslenýär. Tebigaty gülzarlyga öwürýän ýaz pasly merjen paýtagtymyzyň nurana keşbine özboluşly gözellik çaýýar. Aşgabat şäheriniň gür bagly seýilgähleri, müň dürli öwüşginlere beslenip oturan ýaşyl zolaklary, ýaşaýyş toplumlarynyň, jemgyýetçilik binalarynyň töweregindäki meýdançalar häzirki wagtda al-ýaşyl öwsüp, bahar joşgunyny buşlaýar. Ak şäherimiziň täsin tebigatynyň ajaýyp keşbi paýtagtymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň göwünlerini joşduryp, kalbyna ylham eçilýär. Ýurdumyzda we Ýer ýüzünde Halkara zenanlar gününiň baharyň ilkinji günlerinde bellenilýändiginde hem çuň many-mazmun bar. Mährem eneler, gelin-gyzlar Zeminiň görki, dünýäniň bezegi hasaplanýar. Olaryň mylaýymlygy, owadanlygy bahar-ýaza deňelip, şahyrlar tarapyndan wasp edilýär. Golaýda hormatly Prezidentimiziň «Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda» Kararyna laýyklykda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän, şeýle hem pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda