Zeminiň zynaty, dünýäniň durky

5 Mart 2021
840

Togsan dolup, ýere ýyly gitdi. Tebigat gyş ukusyndan oýanyp, ýaşyl begrese beslendi, al-elwan güller atyr ysyny saçdy. Baharyň buşlukçysy bolup äleme dolan bu gözellik ynsan göwünlerini hem ýakymly duýgular bilen gurşap aldy. Bu gün biz ýaz güllerinden boglan çemenleri baharyň hut özi kimin görkana gelin-gyzlarymyza, mähriban enelerimize sowgat berýäris. Sebäbi nurana pasyl özi bilen zenanlar baýramyny hem alyp geldi.

Mährem zenanlarymyzyň baýramçylygynyň ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilmeginiň özboluşly manysy bar. Baharyň gelmegi bilen tebigatyň görküne görk goşulyp, tutuş barlyk özgerýän bolsa, adamzat durmuşynda ýaşaýyş zenan diýilýän mertebeli ynsandan gözbaş alýar. Olaryň näzikligem, mylaýymlygam bir-birine juda meňzeş bolup, bilelikde gözelligiň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýärler. Şonuň üçinem olary taryplap, şahyrlarymyz goşgy, aýdymçy-sazandalarymyz aýdym döredýärler.

Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
«Balkan».