Eziz Watanymyzyň bagtyýar zenanlary

7 Mart 2021
814

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Halkara zenanlar güni uly dabara bilen bellenilýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde toýlarymyz toýa ulaşyp, baýramlarymyz goşa-goşadan gelýär. Nesip bolsa, bu ýylda halkymyz üçin örän şatlykly şanly seneleriň biri bolan ak mermere beslenip oturan gözel Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramy, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy uly üstünliklere beslenip, ýeneki ýyllara badalga berer. Bu döwletlilikden, agzybirlikden, jebislikden nyşandyr. Sebäbi asmanymyz arassa, zeminimiz parahat bolanda, ýurtda adamyň sarpasy belent tutulanda, toýlar-toýa ulaşyp, rysgal-döwletimiz artyp, berekedimiz zyýada bolýar.

Durmuşymyzyň bezegi ak saçly enelerimiz bu günki gün ýaşlarymyza ene-mamalarymyzdan gelýän edep-terbiýe mekdebini öwredip, görelde bolup, jemgyýetimiziň görküne görk goşýar. Goja zeminiň gözelleşmeginiň özenini ak saçly enelerimiziň nurana keşbinde, gül-gunça ýaly gelin-gyzlarymyzyň mähriban ýüzünde görmek bolýar. Türkmenler hemişe zenan maşgala sarpa goýup, onuň mertebesini beýik saýypdyrlar.

Bahar JEPBAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.