"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Bedew

Yklymlara adyň dolmuş, döwrüň beýik bady sende,«Dost» diýsemem bärden gaýdar, kyn gününde ýoldaş merde,Toýnagyndan çykan owaz deňleşip dur şirwan perdä, Döwrüň beýik zynaty sen, arşy-agla taýsyň, bedew,Arkadagyň mähri siňen, halka ganat-persiň, bedew! Goç ýigidiň serden geçip, arka daýap söýeneni,Ýow gününde, toý gününde tutmaz hiç zat deregini,Kişňeýşiňden gök titreýip, ýarar daglaň kemerini,Ejizläňde syrdaş bolan, hut ykballa taýsyň, bedew,Gahrymanyň mähri siňen, halka ganat-persiň, bedew!

Türkmenimiň Alabaýy

Dereleriň peleňi sen,Türkmenimiň Alabaýy.Halkymyzyň geregi sen,Türkmenimiň Alabaýy. Eziz Diýar toýlar ýurdy,Dabaradyr baýram ýurdy.Taryha şan bolup girdi,Türkmenimiň Alabaýy.

Beýik ösüşleriň ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen geçen sanlyja ýyllarda paýtagtymyzyň binagärlik keşbi tanalmaz derejede düýpli özgerdi. Diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem binalaryň gurulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ýerde şäher ilaty üçin ösen halkara ülňülerine laýyk gelýän amatlyklar, oňyn şertler üpjün edilýär. Belent we ajaýyp ymaratlar baş şäherimiziň görküni has-da artdyrdy hem-de türkmen paýtagty ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Ak mermerli binalar toplumynyň ýanaşyk ýerlerinde gezelenç etmäge, arassa howada dem-dynç almaga örän gowy mümkinçilikler döredilendir. Täze gurulýan jaýlarda amatly, rahat ýaşamak üçin hemme şertler döredildi. Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň açylyş dabarasy şanly baýramçylyklarymyza barýan günlerimizde iň ýatdagalyjy wakalaryň biri boldy. Milli Liderimiz şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň çäklerinde sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine aýratyn ünsi çekýär.

Älem haýran keşbiňe

Asyrlaryň dowamynda türkmeni dünýä tanadyp gelen ajaýyp gözellikleriň biri-de, meşhur ahalteke bedewleridir. Gamyşgulak, gazboýun, dikaýak, inçebil, endamy altyn suwy berlen dek lowurdap, sagrysy gümmezekläp, döşi gapak ýaly ýaýylyp duran, owadan ýüwrük at türkmeniň göýä ata-baba durmuş keşbine çalym edýär. Hormatly Prezidentimiziň bedew atlarymyzyň döreýşi, olaryň kemala gelşi hakynda: «Kaddy-kamaty, gylyk-häsiýeti özüne bendi edýän behişdi bedewlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda merdana ata-babalarymyzyň Watan, ar-namys, mukaddes toprak üçin alyp baran söweşlerinde olaryň goşa ganaty, beýik ýeňişleriniň, ähli rowaçlyklarynyň ýarany bolupdyr» diýip belleýär. Bu hakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň baky buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerimiz dogrusynda söhbet açýan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Aşgabat-Moskwa atly ýörişinde (1935 ý.) çapyksuwarlaryň otuzysy 84 günde 4300 kilometr aralygy geçdiler, şunda gündelik geçilýän aralyk 120 kilometre çenli ýetdi, bu aňryçäk aralykdyr. Oňat ahalteke aty bir minutda bir kilometr geçýär, bu hem deňi-taýy bolmadyk netijedir» diýip belleýär. Bedewler ata-babalarymyzyň döwründen bäri, biziň şu günlerimize çenli dowam edip gelýän aýlawly toýlarymyzyň hem ýaraşygy bolup, olaryň şüweleňini has-da artdyrýarlar. Baýrakly orunlary eýeläp, eýelerine abraý getirýärler. Bedewler

Toýlarymyzyň bezegi

Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylygy, atçylyk toplumlaryny ösdürmek, sportuň atly görnüşlerini hem-de at münmegiň milli däplerini ýaýmak boýunça uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň öz seýisläp ýetişdiren, ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewi 2006-njy ýylda doguldy. Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralarda şöhratly Akhana möhüm orun degişlidir. 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Akhanyň çarpaýa galmagy bilen, V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy. Akhanyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigini ýatlamak has-da ýakymlydyr. Şonda atyň üýtgeşik ukyby resmi taýdan bellige alyndy. Ol çarpaýa galyp, 10 metr aralygy bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmegi başardy. Ol şondan ozalky netijäni iki esse gowulandyryp, täsin görnüşde täze rekord goýdy. Akhanyň haýran galdyran görkezijisi kanunalaýykdyr. Çünki bu täsin aty Gahryman Arkadagymyzyň hut özi ösdürip ýetişdirdi. Ussat çapyksuwar hem-de atçylyk sungatynyň janköýeri bolan döwlet Baştutanymyz öz atlarynyň häsiýetini oňat bilýär we olaryň her birine aýratynlykda çemeleşýär. Eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň giňden dabaralanýan ýylynda, ýagny 22-nji martda Akhan atly bedewiň ilkinji taýçanagy dünýä indi. Baharyň nuran

Giňdir dünýä — geňdir dünýä

■ Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ahalteke bedewlerimiz Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda iki gezek mynasyp orun aldy. Paýtagtymyzyň Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýädäki iň uly nyşany hökmünde, şeýle hem Akhan atly ajaýyp bedew çarpaýa galyp, iň gowy netijäni görkezip, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girmegi başardy. ■ Dünýädäki iň uzyn ata Belgiýada duş gelmek bolýar. Big Jake diýip atlandyrylan atyň uzynlygy 2 metr 10 santimetrden gowrakdyr. Big Jake ýaşap ýören atlaryň arasynda iň uzyn bedew ady bilen 2010-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Taryhy maglumatlara görä, dünýäniň iň uzyn atynyň boýy 2 metr 19 santimetre barabardyr.

Gyzykly maglumatlar

■ Bedewler dik duran ýerinde uklamaga ukyply jandardyr. ■ Bedewler süri bolup gezeninde, toparda birnäçe at gijesine ýatman gözegçilik edip geçirýär.

It — wepa

 (Bolan waka) It — öz eýesine diýseň wepaly jandar. Uzak öri meýdanynda öňräk bolup geçen bu waka itiň wepalylygyny ýene bir gezek subut etdi.

Tarypa mynasyp alabaýlar

Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwleti ozal görlüp-eşidilmedik eýýama ― milli mirasyň we däp-dessurlaryň galkynýan eýýamyna gadam basdy» diýip nygtaýşy ýaly, eziz Watanymyz Türkmenistanda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Çünki ata Watanymyzyň çäginde ýerleşýän arheologik ýadygärliklerden tapylýan gymmatly tapyndylar ýurdumyzyň şöhratly taryhyny ýüze çykarmaga şert döredýär. Ata-babalarymyz alabaý itini maldarçylyk durmuşynda sürä goragçy, mallara esewançy hökmünde öz ýakyn hemrasyna öwrüp gelipdir. Ýyllaryň geçmegi bilen türkmen alabaýy tohum taýdan has kämilleşip, saýlama itleriň hataryna goşulypdyr. Alabaý itleri soňabaka sungat eserlerinde hem özboluşly beýana eýe bolupdyr. Ýurdumyzyň taryhy künjeklerinde geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylýan heýkelleriň arasynda türkmen alabaýynyň hem şekiliniň bolmagy halkymyzyň bu wepaly jandar bilen durmuşynyň berk baglanyşyklydygyny äşgär edýär.

Bedewler hemişe toýda çapylsyn...

Bedew ata bolan söýgi milletimiziň aňynda, arzuwynda, düýp ykbalynda bar bolmaly. Paýhasly pederlerimiz aty bilen älemleri aýlanypdyr, aga-ýana döwran sürüpdir, durmuşyň iň ýowuz synaglaryndan serini dik tutup geçipdir. At üstünde bolmak hemme döwürlerde-de türkmenlerde deňli-derejeli ýaşamagyň, mertebeli döwran sürmegiň alamaty diýlip kabul edilipdir. Göreniň nazaryny özünde egleýän, bakanyňda gözüňi dokundyryp, göwnüňi ganatlandyrýan dal bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň, seýislemegiň diýseň inçe, hysyrdyly hem synagly ýolunyň bardygyny ýaşuly seýisleriň berýän gürrüňlerinden hem kemsiz göz ýetirmek bolýar. Milletimiz bu inçe senedi asyrlaryň akabasynda sünnäläp, onuň kämil mekdebini kemala getiripdir.

Halkyň ebedi mirasy

Türkmeniň gapysyny onuň ahalteke bedewinden we edermen, wepaly alabaýyndan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Gözellikde, ýyndamlykda ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriniň şanyna toýlanýan Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralýan dabaralar özboluşlylygy bilen ýokary ruhubelentlige beslenýär. Häzirki döwürde

Bagt mukamy Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat gysga wagtyň içinde dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrüldi. Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde giňden tanalýan baş şäherimiz gözel künjekleri — seýilgähleridir ak mermere beslenen binalary, medeni-durmuş maksatly täsin desgalary, ähli şertleri özünde jemleýän ýaşaýyş toplumlary bilen görenleri haýrana goýýar. Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesi, «Ylham», «Arkadag», «Aşgabat», «10 ýyl Abadançylyk», «Garaşsyzlyk» seýilgähleri, «Berkarar», «Bagtyýar», «Aşgabadyň ýalkymy» söwda-dynç alyş merkezleri, Janly tebigatyň milli muzeýi we beýleki birnäçe medeni-durmuş maksatly binalarymyz bu gün ähli halkymyzyň guwanjyna, paýtagtlylaryň we myhmanlarymyzyň höwes bilen dynç alýan ýerlerine öwrüldi. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ak şäherimiziň çägi täze gurulýan ýaşaýyş toplumlarynyň, täsin desgalaryň hasabyna has-da giňeýär. Täze gurulýan «Altyn kölüň» kenaryndaky dynç alyş toplumy paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da baýlaşdyrar. Mähriban halkymyz ýurdumyzyň ýüregi Aşgabady berkararlygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşleriň, döredijiligiň, döwletliligiň, aýdym-sazyň şäheri hasap edýär. Aşgabat — rowaçlyklaryň, ak arzuwlaryň, ýagşy umytlaryň şäheri. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30

Şa serpaýyňyz gutly bolsun!

Şu ýyl ilkinji gezek goşa toý hökmünde uludan bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň çäklerinde ak şäherimiz Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň merkezi dabaraly açylyp ulanylmaga berildi. Bu ýerde guralan dabaralaryň barşynda döwlet sylagyna hem-de hormatly atlara mynasyp bolan ildeşlerimizi sylaglamak dabarasy geçirildi. Biz hem Şa serpaýlaryna mynasyp bolan ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny we baýramçylyk gutlaglaryny size ýetirmegi makul bildik. Derýamyrat SAPAROW,Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň seýsi, Türkmenistanyň halk atşynasy:

Atym bar — ganatym bar

Mähriban halkymyz bedewlere uly sarpa goýýar. Halkymyzyň «Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen nakyly döretmegi hem muňa aýdyň subutnamadyr. «At basyşyndan belli — är bakyşyndan» ýaly pähimleriň döremegi hem uzak ýyllaryň dowamynda adamlaryň ýakyn ýoldaşy bolan atlaryň iň oňat gylyk-häsiýetleri bilen pugta baglydyr. Ahalteke bedewleriniň wepalylygy, ýyndamlygy, gözelligi, ynsanpisint häsiýetleri barada gürrüň edilende hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewlerimiz biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» atly ajaýyp eserlerinde örän gymmatly maglumatlar bar. Halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklarynyň hatarynda ahalteke behişdi bedewlerimiziň bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr.

Toýlarymyzyň bezegi

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow: — Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz.

Ag­zy­bir­lik bi­len go­şa baý­ra­ma!

Er­tir ýur­du­myz­da go­şa baý­ram ― Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my we Türk­men ala­ba­ýy­nyň baý­ra­my. Ber­ka­rar Di­ýa­ry­my­zyň äh­li ýe­rin­de bol­şy ýa­ly, bi­ziň we­la­ýa­ty­myz­da hem bu go­şa baý­ra­myň da­ba­ra­la­ry giň­den ýaý­baň­lan­dy­ry­lar. Fa­rap et­ra­by­nyň çä­gin­de türk­men ala­baý it­le­ri­niň to­hum­çy­lyk mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy bol­sa we­la­ýa­ty­myz­da­ky esa­sy da­ba­ra­la­ryň bi­ri bo­lar. Gün­do­gar se­bit­de şan­ly baý­ra­ma gör­len taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da Hal­ka­ra türk­men ala­baý it­le­ri as­so­sia­si­ýa­sy­nyň we­la­ýat bö­lü­mi­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar-kä­ti­bi Mer­gen Aý­ha­now şeý­le gür­rüň ber­ýär: ― Mun­dan bir ýyl ozal dö­re­di­len hal­ka­ra as­so­sia­si­ýa­nyň bi­ziň we­la­ýa­ty­myz­da­ky ag­za­la­ry bar­ha art­ýar. Hä­zir we­la­ýa­ty­myz­da hal­ka­ra as­so­sia­ýa­si­ýa­sy­nyň 20-ä ýa­kyn ag­za­sy bar. Ýö­ne beý­le­ki it­şy­nas­la­ry­myz­dan hem köpsan­ly ýüz­tut­ma­lar ge­lip go­wuş­ýar. Baý­ram­dan soň ola­ra se­re­dip, ag­za­la­ry­my­zyň sa­ny­ny has-da kö­pelt­mek bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýä­ris.

Alabaýym — abraýym

21-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasyna hem-de türkmen alabaý itleriniň şanyny bütin dünýä ýaýýan halkara guramasynyň birinji mejlisine gatnaşmak itşynaslar üçin ykbalymyzdaky iň ýakymly wakalara öwrüldi. Hut şol mejlisde-de hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýlen hormatly adyň ilkinji eýeleriniň biri bolmak bizi çäksiz uly bagta besledi. Mynasyp gören bu belent hormaty üçin Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Biziň welaýatymyzda itşynaslygy ykbalyna öwren watandaşlarymyzyň köpsanlysy bar. Halkara assosiasiýasynyň döredilip, onuň welaýat bölüminiň işläp başlamagy olaryň işine has uly üns berilmegine şert döretdi. Goşa baýram mynasybetli açylyp, ulanylmaga beriljek welaýat tohumçylyk merkezi ýerli itşynaslaryň işinde täze sahypa öwrüler.

Buýsançly ýürekleriň joşguny

Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tutumly toýuň dabaralary düýn Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda dowam etdi. Ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda emin agzalary tarapyndan saýlanyp-seçilip alnan naýbaşy ahalteke bedewleriň 10-sy gatnaşdy. Emin agzalarynyň gelen netijesi boýunça Ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly atly bedewi «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen belent ada we hormatly Prezidentimiziň adyndan Şa serpaýa — ýeňil awtoulaga mynasyp boldy. Çäre ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bilen jemlendi. Biz hem dabaranyň geçirilýän ýerinde bolup, toýdan serpaýly döredijilik işgärleri bilen söhbetdeş bolduk we olaryň ýürek buýsançlaryny we baýramçylyk gutlaglaryny ýazga geçirdik.

Alkyşlarymyz ýürekdendir, Arkadag!

Atabaý AMANGELDIÝEW,Gubadag etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy:— Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalar, ajaýyp baýramçylyklar her bir adamyň kalbyny joşdurýar. Şonuň bilen birlikde-de, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işlerine guwanç-buýsanç barha artýar. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň öň ýanyndaky häzirki günlerde hem ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirýäris.

Ýatdan çykmajak pursatlar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň Mary welaýatynda guralan at çapyşyklary örän dabaraly hem şowhunly geçdi. Bu ýaryşlara paýtagtymyz Aşgabat şäherinden, welaýatlaryň ählisinden saýlama bedewler, halypa seýisler hem-de ussatlyk derejesine ýeten ýaş çapyksuwarlar gatnaşdylar. At çapyşyklarynyň birinji aýlawynda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda 1000 metr uzaklyga guralan ýaryşa gatnaşmak maňa miýesser etdi. Elbetde, şeýle ýokary derejedäki bäsleşige gatnaşyp, öz ukyp-başarnygyňy synap görmegiň özi uly hormat. Ýöne bu çapyşykda öz erk eden Mähek atly bedewim bilen pellehana hemmeden öň gelip, ýeňiji bolmak bagtynyň paýyma düşmegi ýatdan çykmajak pursada öwrüldi. Bu uly üstünlik diňe meniň özümi däl, eýsem, ähli ýoldaşlarymy, çapyksuwarlary, seýisleri diýseň begendirdi.