Bedew

24 Aprel 2021
841

Yklymlara adyň dolmuş, döwrüň beýik bady sende,
«Dost» diýsemem bärden gaýdar, kyn gününde ýoldaş merde,
Toýnagyndan çykan owaz deňleşip dur şirwan perdä,
Döwrüň beýik zynaty sen, arşy-agla taýsyň, bedew,
Arkadagyň mähri siňen, halka ganat-persiň, bedew!

Goç ýigidiň serden geçip, arka daýap söýeneni,
Ýow gününde, toý gününde tutmaz hiç zat deregini,
Kişňeýşiňden gök titreýip, ýarar daglaň kemerini,
Ejizläňde syrdaş bolan, hut ykballa taýsyň, bedew,
Gahrymanyň mähri siňen, halka ganat-persiň, bedew!

Göwher GURBANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.