Mähriban halkymyz bedewlere uly sarpa goýýar. Halkymyzyň «Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen nakyly döretmegi hem muňa aýdyň subutnamadyr. «At basyşyndan belli — är bakyşyndan» ýaly pähimleriň döremegi hem uzak ýyllaryň dowamynda adamlaryň ýakyn ýoldaşy bolan atlaryň iň oňat gylyk-häsiýetleri bilen pugta baglydyr. Ahalteke bedewleriniň wepalylygy, ýyndamlygy, gözelligi, ynsanpisint häsiýetleri barada gürrüň edilende hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewlerimiz biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» atly ajaýyp eserlerinde örän gymmatly maglumatlar bar.
Halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklarynyň hatarynda ahalteke behişdi bedewlerimiziň bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr.