"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Dowarlar dok gyşladylýar

«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýip ýöne ýerden aýtmandyrlar. Şonuň üçin çopanlar gyş günlerinde ätiýajy elden bermeýärler. Dowarlary gijelerine ýyly we dok saklamagyň aladasyny edýärler. Maljanly çopanlar dowarlaryny gijelerine goşmaça iýmitlendirýärler. — Çöl gijeleri sowuk bolýar. Sowukda mallar tiz ajygýarlar. Otuna-suwuna seretmek hökman. Mal dok bolsa, gijelerine sowuk kär etmeýär. Rahat ýatýar. Mallaryň üşemeýändigine, dokdugyna gözümiz ýetensoň, biz hem biraz arkaýynlaşýarys — diýip, Gyzylgumdaky «Gyzguýy» guýusynyň töweregindäki öri meýdanynda dowarlaryny bakýan baş çopan Rozmämmet Hoşwagtow bize gürrüň berdi.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Hasyl idege bagly Üstümizdäki ýyly guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýän Murgap etrabynyň pagtaçy kärendeçileri şu günler meýdan işlerine jogapkärli çemeleşýärler. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamagyň şu günüň möhüm talabydygyna oňat düşünýän kärendeçiler agrotehnikanyň talaplaryna görä iş alyp barýarlar. Göwnejaý ýerine ýetirilen sürüm gowaça ekişini bökdençsiz geçirmäge we hasylyň düýbüni berkden tutmaga mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigine daýhanlar iş tejribelerinde doly göz ýetirýärler.

Bolçulygyň çeşmesi

Halkymyzda tebigy baýlygymyz hasaplanýan suwy tygşytly ulanmak, ösüp gelýän ýaş nesliň aňynda oňa bolan garaýyşlary terbiýelemek aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda beýan edilýän «Ýer görki — suw, suw görki — guw», «Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp — il», «Damja suwdan tal çykar», «Tereň suwlar bulanmaz», «Wagt dagy gemrer, suw — daşy» diýen ajaýyp nakyllar hem onuň näderejede gymmatly hazynadygyny tassyklaýar. Türkmen halky ýere, suwa uly hormat goýýar. Tebigatyň janly-jandarlara eçilen bu gymmatly baýlygyny aýawly saklamak, her bir damjasy altyna deňelýän suwy tygşytly ulanmak her birimiziň mukaddes borjumyz hasaplanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryny akar suw bolçulygy bilen üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň suw çeşmesi Amyderýa, Murgap, Tejen, Etrek, Sumbar we Türkmen derýalary bolup durýar. Garagumuň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy ekologiýa üçin hem-de oba hojalyk pudagynda ähmiýetli bolup, täze suwarymly ekerançylyk meýdanlarynyň peýda bolmagyna getirýär. Şeýle hem ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, maldarçylyk pudagy üçin öri meýdanlarynyň çäginiň giňemeginde aýratyn ähmiýete eýedir.

Gallaçylaryň yhlasly zähmeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda gazanylýan oňyn netijelere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşup gelýän Şabat etrabynyň «Nowbahar» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri geçen ýylyň güýzünde 1182 gektar meýdana bugdaý ekip, ondan oňat gögeriş aldylar. — Daýhan birleşigimiz boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bugdaýlara ideg etmek işleri ýokary derejede alyp barylýar. Ondan şu ýyl Watan harmanyna 2200 tonnadan gowrak galla hasylyny tabşyrmak meýilleşdirilýär — diýip, hojalygyň baş agronomy Bagtyýar Jumamyradow sözüni dowam etdirdi.

Bagym bar — barym bar

Halkymyzda gadymdan bag ekmek, oňa ideg etmek sogaply hem haýyrly iş hasaplanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda hem bag baradaky pähimlere, paýhasly sözlere giň orun berilýär. «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Agaç barly bolsa, başy aşak», «Agaç iýmişinden belli, adam kylmyşyndan», «Agajy ne jüre bolsa, miwesi hem şo jüre», «Edenli adam topragy altyna öwrer» ýaly parasatly jümleleriň ata-babalarymyz tarapyndan döredilmegi halkymyzda bag ýetişdirmäge aýratyn uly ähmiýet berlendigini aňladýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda öňde goýýan wezipeleriniň berjaý edilmegine goşant goşýan tejribeli bagbanlar welaýatymyzyň ähli ýerlerinde-de bar. Olaryň çekýän ýadawsyz zähmeti netijesinde, häzirki wagtda bag-bakjaly meýdanlaryň çäkleri barha giňeýär.

Azyk bolçulygyna mynasyp goşant

Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda maldarçylygy çalt depginler bilen ösdürmek, bu babatda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak barada öňde goýýan wezipelerinden ugur almak bilen derwaýys çäreler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde bu ýerde mallaryň baş sanyny artdyrmak, ýylyň dowamynda olardan bol önüm öndürmek boýunça guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Munuň özi hojalygyň kärendeçi maldarlarynyň yzygiderli hem-de ýadawsyz çekýän zähmetleriniň ýerine düşýändigini alamatlandyrýar. Paýdarlar jemgyýetinde 650-ä golaý iri şahly mal bolup, olaryň esasy bölegi ýokary önümli sygyrlardyr we tohum öküzlerdir. Şonuň ýaly-da bu ýerde ýaş göleleri öndürmek we idetmek barada berjaý edilýän işler hem talaby doly ödeýär. Şeýlelikde ol mallaryň baş sanyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Maýsalar boý alýar

Sarahs etrabynyň oba zähmetkeşleri güýzlük bugdaý ekilen meýdanlardaky ekine ideg etmek işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň hasyly üçin 22 müň 900 gektar meýdanda däne ýetişdirýän etrabyň gallaçy daýhanlary maýsalaryň ideg işleriniň her birine jogapkärli çemeleşýärler. Ideg işlerinde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň, daýhan birleşikleriniň tehnikalarynyň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylýar. Işleriň sazlaşykly guralmagy netijesinde maýsalar kadaly boý alyp, ýaşyl ýapynjaly meýdana özboluşly öwüşgin çaýýar. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri bolsa häli-şindi möwsümleýin işleriň alnyp barylýan ýerlerinde bolup, zähmetkeşleriň armasyny ýetirýärler.

Gowy önümleriň hyrydarlary ýetik

Ýurdumyzyň bazarlaryny ýylyň ähli paslynda ter gök önümler bilen üpjün edip, alyjylaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmakda ýyladyşhanalaryň belli bahasy ýok. Hususy önüm öndürijiler bu mesele bilen baglanyşykly işleri ilerletmekde döwre mynasyp iş bitirip, köpüň alkyşyny almagyň hötdesinden gelýärler. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän, «Mähriban obam» hususy kärhanasy hem şolaryň biri. Pomidoryň irki ýetişýän görnüşine talabalaýyk ideg edip, 14 gektar meýdany tutýan ýyladyşhanada bu ekiniň bol hasylyny kemala getiren zähmetsöýer işgärler şu günler ýetişdiren önümlerini öz wagtynda ýygnap, ýerlemek üçin tutanýerli zähmet çekýärler.

Daýhan erjelligi

— Daşyndan göräýmäge, daýhançylyk ýeňil kär ýaly bolup görünýär. Daýhançylyk işine içgin aralaşdygyňça, onuň beýle däldigine, azaplydygyna göz ýetirýärsiň. Onsoňam daýhanyň işi tebigat bilen baglanyşykly. Her bir agrotehniki çäräni geçirmekçi bolanyňda, howanyň amatly pursatlaryny peýlemeli. Bu kärde: «Haşara barsam ýeter, yransam günüm öter» diýilmegine asla ýol bermeli däl. Şonuň üçin gowy hasyl aljak bolsaň, bar yhlasyňy, başarnygyňy ene topraga bagyş etmeli — diýip, Saýat etrabynyň «Awçy» daýhan birleşiginiň bugdaý kärendeçisi Haýtmyrat Ahmedow gürrüň berýär. Hawa, zähmete bişişen daýhan muny ýöne ýere aýdanok. Ol, hakykatdan hem, sahy toprakdan dür öndürmegi başarýar. Bu edermen daýhan geçen ýyl 1 gektar kärende ýerinden 3,8 tonna derek 6,2 tonna azyklyk bugdaýy Watan harmanyna tabşyryp, her gektaryň hasyllylygyny 62 sentnere ýetirdi. Oňa ak ekini ösdürip ýetişdirmek işlerinde aýaly Tawus, ogly Yhlas ýakyndan ýardamçy boldular.

Köşekler köpelýär

Ýurdumyzda maldarçylygyň ösmegine, aýratyn hem düýedarçylykda gowy netijeleriň gazanylmagyna mynasyp goşant goşup gelýän Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky «Sakarçäge» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary gyş paslynda düýeleriň abatlygyny üpjün etmek, olary ýyly gyşlatmak üçin bar bolan mümkinçilikleriň ählisinden netijeli peýdalanyp, zähmet çekýärler. Bu döwür üçin zerur bolan ätiýaçlyk ot-iým gorlaryny taýýarlandyklaryna garamazdan, olar mallary «Şyhmansur», «Galandar», «Gamyşly» ýaly düýeleriň otlaýan öri meýdanlarynda — meýdan otlaryna baý ýaýlalarda bakmak bilen, jemgyýetçilik mallarynyň gowy gyşladylmagyny gazanýarlar. Hojalygyň maldarlary iň jogapkärli döwre — köşek almak möwsümine-de taýýarlykly geldiler. Geçen ýyl bu ýerde düýelerden 607 baş köşek almagy başaran sarwanlar, bu ýyl bu sany 700 başa ýetirmegi öz öňlerinde baş wezipe edip goýdular. Şonuň üçin şu ýyl jemi 3 müň 28 baş düýäni bakýan 22 sany çopan toparynyň hemmesi hem ýanwar aýynyň ortalaryndan bu möwsüme guramaçylykly girişdiler. Dörtguly Baýramow, Agamyrat Tuwakmyradow, Rahym Jumanyýazow ýaly tejribeli hem-de öňdebaryjy sarwanlaryň düýe sürülerinde eýýäm ençeme sagdyn köşekler alyndy. Möwsümiň gyzgalaňly döwrüniň başlamagy bilen, beýleki çopan toparlarynyň agzybir maldarlarynyň eýelik edýän düýeleriniň berýän önümleri sarwanlary has-da begendirýär.

Gowaçanyň «Ýolöten – 54» täze sorty

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ekilýän oba hojalyk ekinleriniň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hilli, bol hasylly sortlaryny döretmegi we önümçilige ornaşdyrmagy oba hojalykçy alymlaryň öňünde esasy wezipe edip goýdy. Bu wezipäni ýerine ýetirmekde ýokary hasylly, ir ýetişýän, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan gowaça sortlaryny döretmek üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynda naýbaşy tohumlary özleşdirmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Gowaçanyň täze sortlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy öndürilýän önümiň mukdaryny we hilini ýokarlandyrmakda esasy serişde bolup, köp hasyl öndürmäge hem-de girdejiniň artmagyna ýardam edýär. Pagtanyň öndürilişini gitdigiçe artdyryp, bu barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde seleksiýa ylmynda kabul edilen dürli usullary ulanyp, ýokary hilli, bol hasylly gowaça sortlaryny döredip, önümçilige ornaşdyrmak bolsa döwrüň talaby bolup durýar. Gowaça hasylynyň 80 göterimi geçirilýän agrotehniki, galan 20 göterimi bolsa sortuň zandyna (genotipine) baglydyr. Täze sorty döretmegiň esasy aýratynlygy köp harajat sarp edilmezden, önümçilige uly goşant goşmaga mümkinçilik berýänligidir. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynda alyp baran ylmy-barlag işimiziň netijesinde gowaçanyň orta süýümli – «Ýolöten – 54» täze sortuny döretdik. Bu sor

Täze hasylyň aladalary

Işler utgaşykly alnyp barylýar Babadaýhan etrabynda ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak işleri giň gerimde ýaýbaňlanýar. Häzir etrabyň hojalyklarynda taýýarlyk işleriniň çäklerinde şüdügär edilen ýerlerde tekizlemek, çil çekmek işleri bilen birlikde, ekiş geçiriljek meýdanlary ýerli we mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly dowam edýär.

Daýhanyň ygtybarly daýanjy

Daýhanyň iň ygtybarly daýanjy — tehnika. Şonuň üçin-de şu günler ýazky ekişde işlediljek tehnikalary bu jogapkärli möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Lebap welaýatynyň etraplaryndaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň ýörite enjamlar bilen abzallaşdyrylan ussahanalarynda boronalar, çizeldir beýleki agregatlar abatlanyp, zerur bolan bölekleri täzeleri bilen çalşylýar. Netijede, bu işler ekiş döwründe bökdençligiň ýüze çykmazlygyna mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen daşary ýurtlaryň kämil tehnikalary satyn alynýar. Şu günki günde Lebap welaýatynda şeýle kämil we ygtybarly tehnikalaryň sany 1500-e ýetýär. «John Deere», «CLAAS» kysymly kuwwatly traktorlar oba hojalygynda agramly işleri ýerine ýetirýärler. Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan häzirki zaman tehnikalary örän ykjam we ygtybarly işleýär. Oba hojalygyna döwrebap tehnikalaryň aralaşmagy işiň hiline-de täsirini ýetirdi. Welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda indi birnäçe ýyl bäri Fransiýanyň meşhur «Monosem» kompaniýasynyň gowaça ekijileri ulanylýar. Olar gowaça tohumyny takyk we kadaly çuňluga taşlamak bilen, ýokary hilli gögeriş almaga mümkinçilik berýär. Gowaçalara bejergi işlerini geçirmek üçin bolsa ABŞ-nyň «Ortman-8375» kysymly, bir wagtyň özünde hem dökün dökýän, hem topragy ýumşadýan enjamlary ulanylýar. Türkmenabadyň

Adam saglygy üçin peýdaly iýmit

Ýurdumyzda süýt önümçiligi bilen meşgullanýan telekeçileriň sany ýylsaýyn artýar Maldarçylyk toplumlarynda öndürilýän süýt gaýtadan işlenip gatyk, gaýmak, dorog, ýogurt, aýran, syr, peýnir, mesge, başga-da ençeme tagamly, jana lezzetli, ynsan saglygy üçin peýdaly süýt önümleri öndürilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli süýdi gaýtadan işleýän kärhanalarda öndürilýän «Aýaz baba», «Gönezlik», «Sahawatly», «Zamana», «Şabat», «Hepdelik», «Her gün«, «Täze aý«, «Ak çeşme» şeýle hem beýleki haryt nyşanly süýt önümleri ilatda uly islegden peýdalanýar.

Süýdüň iýmitlik gymmaty

Mallardan we ösümliklerden alynýan azyk önümleriniň arasynda iýmit hökmünde we biologik babatda iň gymmatlysy süýt we süýt önümleridir. Emdirijileriň bedenini hemme zerur bolan önümler bilen üpjün edýän ýeke-täk iýmit süýtdür. I.P.Pawlow süýdüň esasy üç häsiýetini: aňsat özleşdirilýändigini, iýmit siňdiriş agzalaryny oýarmak ukybynyň bardygyny hem-de beýleki iýmit önümleriniň düzümindäki azot bilen deňeşdirilende, süýdüň azodynyň aňsat özleşdirilýändigini belläpdir. Süýdüň we süýt önümleriniň siňdirilişi 95 — 98 göterim arasyndadyr. Pawlowyň: «Süýt — tebigat tarapyndan döredilen ajaýyp iýmit» diýip ýazmagy-da ýöne ýerden däldir. Süýdüň ýokary iýmitlik gymmaty onuň diňe bir belogy, ýagy, uglewodlary, mineral duzlary özünde saklaýanlygy bilen däl-de, görkezilen komponentleriň spesifik düzümi bilen tapawutlanýanlygyndandyr. Süýde taý geljek başga bir iýmit önümi ýok. 1 litr süýtde: 32 g belok (şu mukdardaky belok dört-bäş ýumurtgada bolýar), 32 g süýt ýagy (ol 36 g mesge ýagyna deň), 48 g süýt gandy (ol 12 belok gandyň kaloriýasyna deňdir), bulardan başga-da, mineral duzlar we dürli ýaşdaky adamlaryň bedenine zerur bolan hemme ýokumlar diýen ýaly bardyr. Bir bulgur sygyr süýdünde 30 göterim kalsiý, 22 göterim fosfor we 14 göterim selena bar. Bu bolsa degişli elementleriň adama bir gündäki gerek mukdary.

Özbegistan sogan eksportynda dünýäniň ilkinji bäşligine girip biler

«EastFruit» portalynyň hasaplamalaryna görä, 2023-24-nji ýyllaryň oba hojalyk möwsümi boýunça Özbegistan ter soganyň eksportynda dünýäniň ilkinji bäşligine girip biler. Portalyň hünärmenleri muny dünýäniň esasy sogan eksport edijilerinde, hususan-da, bu ugurda ilkinji bäşlige girýän Müsürde bu oba hojalyk önüminiň eksportyna girizilen çäklendirmeler, şeýle hem, özbek soganynyň daşary bazara iberilýän möçberiniň artmagy we eksport geografiýasynyň giňemegi bilen esaslandyrýarlar.

Dünýäde azyk önümleri arzanlaýar

Şu ýylyň ilkinji aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahasy 2023-nji ýylyň dekabryndaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, 1 göterim arzanlady. Bu barada BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy habar berdi. Hususan-da, 2024-nji ýylyň ýanwarynda 2023-nji ýylyň dekabryndaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, däne önümleri 2,2 göterim, et önümleri 1,4 göterim, ösümlik ýaglary 0,1 göterim, şeker bolsa 0,8 arzanlapdyr.

Daýhançylygyň şöhratly ýolunyň dowamaty

Kesearkajyň gadymy meşhur obasy. Bu töweregiň ilatly ýerleri bilen bir hatarda, ol Aşgabat şäheriniň çägine girizilip, indi oňa Bagtyýarlyk etrabynyň «Akdaşaýak» ýaşaýyş toplumy diýilýär. Ozal hem şäher ýaşaýyş derejesine bäs edýän bu uly ilatly ýerlerde soňky ýyllaryň içinde häzirki zaman infrastrukturasy döredildi. Bu ýerlerde hem obanyň, hem şäheriň artykmaçlyklary özara utgaşýar. Has ir döwürlerden bäri daýhanlar ýekebara haýatdyr melleklerinde ekin-dikin ýetişdirip, diňe Aşgabadyň ilatyna däl, eýsem, Russiýa ýaly alys ýurtlara-da üzümdir gawun-garpyzlaryny, gaýry miwe we gök önümlerini ugradypdyrlar. Göz giderlikli gazanç etmegi başaran ýer eýeleri häzir hem bu ýörelgäni dowam etdirmäge synanyşýarlar. Kolhoz döwründe gurlan, obanyň ileridir gaýra tarapyny tutup oturan, hakyt «ýyladyşhanalar şäherçesi» diýäýmeli, ýaýrawly giňişlikdäki desgalar — ýyladyşhana toplumlary hem-de mellek ýerlerinde gurlan şeýle önümçilik gurluşlary ozalky obanyň häzirki şäher landşaftyna hem özboluşlylyk berýär. Şeýdibem, bazarlarda gyşyn-ýazyn witaminlere baý önümleriň bolçulygyny döretmäge goşantly daýhanlar, hemişekileri ýaly, limondyr pomidor-hyýary we beýleki hyrydary ýetik täzeden-täze ekinleri ussatlarça tiz we bol ýetişdirip, olary günübirin, terligi bilen bazardyr dükanlara ýetirip bilýärler.

Tohumlyk çigit taýýarlanylýar

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky «Şirwan» pagta arassalaýjy kärhanasynda ýakynlaşyp gelýän ekiş möwsümine taýýarlyk işleri barha giň gerim alýar. Şu günler kärhanada ýazky gowaça ekişi üçin tohumlyk çigitleri taýýarlamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Gowaça ekişi üçin ätiýaçlyk goruny hem göz öňünde tutmak bilen 1687 tonna tohumlyk gowaça çigidi taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Her günde onuň 45—50 tonnasy öndürilýär.

Yhlasly zähmet — bol hasylyň girewi

Ýerden bol hasyl almak — her bir daýhanyň maksady. Munuň üçin bolsa ýylyň islendik paslynda-da depginiňi gowşatman işlemek zerur. Häzirki günlerde bugdaýlaryň maýsalap oturan meýdanlarynda işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde gowaça ekişine ykjam taýýarlyk görülýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Üzümli toprak» daýhan hojalygynda alnyp barylýan şeýle yhlasly işler bilen ýakyndan tanyş bolduk. Hakyky daýhany diňe öz ekininiň içinden tapmak mümkin. Indi birnäçe ýyldan bäri «ak altynyň», guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny döwlet harmanyna artykmajy bilen tabşyryp gelýän hojalygyň ýolbaşçysy Annageldi Annaýewiň ekin ýerine ir bilen baryp, gürrüňdeş bolduk. Tejribeli daýhan bize şeýle gürrüň berdi: