Daýhan erjelligi

6 Fewral 2024
752

— Daşyndan göräýmäge, daýhançylyk ýeňil kär ýaly bolup görünýär. Daýhançylyk işine içgin aralaşdygyňça, onuň beýle däldigine, azaplydygyna göz ýetirýärsiň. Onsoňam daýhanyň işi tebigat bilen baglanyşykly. Her bir agrotehniki çäräni geçirmekçi bolanyňda, howanyň amatly pursatlaryny peýlemeli. Bu kärde: «Haşara barsam ýeter, yransam günüm öter» diýilmegine asla ýol bermeli däl. Şonuň üçin gowy hasyl aljak bolsaň, bar yhlasyňy, başarnygyňy ene topraga bagyş etmeli — diýip, Saýat etrabynyň «Awçy» daýhan birleşiginiň bugdaý kärendeçisi Haýtmyrat Ahmedow gürrüň berýär.

Hawa, zähmete bişişen daýhan muny ýöne ýere aýdanok. Ol, hakykatdan hem, sahy toprakdan dür öndürmegi başarýar. Bu edermen daýhan geçen ýyl 1 gektar kärende ýerinden 3,8 tonna derek 6,2 tonna azyklyk bugdaýy Watan harmanyna tabşyryp, her gektaryň hasyllylygyny 62 sentnere ýetirdi. Oňa ak ekini ösdürip ýetişdirmek işlerinde aýaly Tawus, ogly Yhlas ýakyndan ýardamçy boldular.

Sylap BABAÝEW,
Saýat etrabyndaky 62-nji orta mekdebiň mugallymy.