Tohumlyk çigit taýýarlanylýar

2 Fewral 2024
563

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky «Şirwan» pagta arassalaýjy kärhanasynda ýakynlaşyp gelýän ekiş möwsümine taýýarlyk işleri barha giň gerim alýar. Şu günler kärhanada ýazky gowaça ekişi üçin tohumlyk çigitleri taýýarlamak işleri gyzgalaňly dowam edýär.

Gowaça ekişi üçin ätiýaçlyk goruny hem göz öňünde tutmak bilen 1687 tonna tohumlyk gowaça çigidi taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Her günde onuň 45—50 tonnasy öndürilýär.

Gurbangeldi AŞYROW,
TKA-nyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.