"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Bugdaýlaryň göwnejaý idegi

Şu günler kärendeçiler ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak, güýzlük bugdaýlara göreldeli ideg etmek ýaly möwsümleýin meýdan işlerini barha batly depginlerde dowam etdirýärler. Köneürgenç etrabynyň gallaçy kärendeçileri 17500 gektar ýere ekilen güýzlük bugdaýlara ideg işlerini  häzirki günüň talaplaryna laýyk alyp barýarlar. Bu babatda «Zaman» daýhan birleşiginiň kärendeçileri aýratyn tapawutlanýarlar. Ýakynda bu daýhan birleşiginiň başlygy Eziz Saparow bilen alnyp barylýan işler dogrusynda söhbetdeş bolduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi:

Ýanwar aýynda Ýewropada zeýtun ýagynyň bahasy ýokarlandy

«Eurostatyň» habar bermegine görä, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlarda zeýtun ýagynyň bahasy 2023-nji ýylyň ýanwar aýyna garanyňda, 50 göterim ýokarlanypdyr. «BNS» agentliginiň maglumatlaryna laýyklykda, zeýtun ýagynyň bahasy 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda ýokarlanyp başlapdyr, ýagny awgustda 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 37 göterim artyp, 2023-nji ýylyň sentýabrynda 44, oktýabrynda 50 we noýabrynda 51 göterime ýetipdir. Geçen ýylyň dekabrynda bolsa bahalar biraz durnuklaşyp, bir ýyl öňki döwürdäkiden 47 göterim ýokary boldy.

«Daýhan, güýç goşulyp kuwwat-güýjüňe...»

Üns berýän bolsaňyz, ýokarky sözbaşy Milli Liderimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň birinden alyndy. Hakykatdanam, biziň döwrümizde «Ýykylsaň, ýere ýapyş» edýän daýhanlarymyzyň güýji-gaýraty artdy. Has anygy, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde oba hojalyk pudagy bilen baglylykda kabul eden çözgütleridir permanlary, degişli resminamalary ýurdumyzyň agrosenagat pudagynyň işiniň has zamanabap boljakdygynyň aýdyň kepilnamasyna öwrülip, göwünleri ganatlandyrdy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, mähriban Watanymyzda bugdaýyň we pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan has höweslendirmek babatda strategik çözgüt daýhançylykda döwletli ädimdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly bu pudagyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, şol gezekki hökümet mejlisinde oba hojalygy boýunça täze düzümleri döretmek, ýagny bölünip aýrylmagy arkaly, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşi

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

Ahal Keramzidiň öndürilişi artýar

Baýyrlarda guzy sesi ýaňlanýar

Çarwa nowruzy çopan-çoluklaryň sabyrsyzlyk bilen garaşan döwri bolup, onda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi başlanýar. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, Köýtendag etrabynyň maldarlary bu möwsümi hem netijeli başladylar. Geçen gyşdan 19 müň 455 baş maly dok alyp çykan «Köýtendag» maldarçylyk hojalygynyň tejribeli maldarlary owlak-guzy möwsümine-de ykjam taýýarlykly geldiler. Olar 8136 ene goýundan 7926 guzy almagy maksat edindiler. Elbetde, bu sepgide ýetmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Munuň üçin ene goýunlary ytygsatman, tekiz örüde örän seresaply bolup bakmaly. Şonuň üçin Köýtendagyň eteklerindäki «Leýlimekan», «Gökmiýar», «Bazardepe» ýaly öri meýdanlary saýlanyp alyndy. Owlak-guzy möwsümine çenli ol meýdanlarda mal bakylmaýar. Bu ýerde bolan günümiz, eýýäm 186 guzyny enesiniň yzyna tirkän süriniň eýesi, hojalygyň 4-nji bölüminiň çopany Ýolbars Nartäjiýew: — Ine, serediň yzgaryň näçe aşak gidenine. Yzgar näçe çuňa aralaşsa, şonça-da bereket bolýar, otlar gowy ösýär. Biz — çopanlar mydama gar-ýagyş dileýäris. Soňky ýagan ýagyş bilen gar tebigatyň bize eçilen serpaýy boldy. Indi, enşalla, mallarymyz gök otuň içinde ýaýnar. Guzular hem gününi sanap öser — diýip, gürrüň berdi.

Oba hojalyk pudagy üstünliklere beslenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni beýik ösüşlere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde oba hojalyk pudagyny kämilleşdirmek bilen bagly birnäçe resminamalaryň kabul edilmegi daýhanlarymyz, şol sanda, ähli oba hojalykçylar üçin şatlykly wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň işini üýtgedip guramak hakyndaky gol çeken Permany halkymyzyň rysgal-berekedi bilen bagly netijeli çözgüt boldy. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredildi.

Daýhandan hereket — ýerden bereket

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 9-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde bellenilişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji oba hojalygynda 4,4 göterime deň boldy. 2023-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy. Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. Mejlisiň dowamynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berildi. Resminamada şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary beýan edildi.

Giň meýdanlardaky yhlasly zähmet

Ruhubelent etrabynyň merkezinden demirgazyga barýan ýol bilen birsalym ýöreseň, çep gapdalyňda aňyrsy gözýetime çenli uzap gidýän bugdaýly meýdanlar peýda bolýar. Birnäçe ýyllardan bäri bu toprakda zähmet çekýän ezber gallaçylaryň yhlasy bilen şeýle ajaýyp ekinzarlyga öwrülen ýerleriň «Aşyk Aýdyň» daýhan birleşigine degişlidigini köpler bilýändir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, ene toprakdan bereketli hasyl öndürmek ugrunda gaýratlylyk görkezýän daýhanlar üçin zerur şertleri döretmek baradaky aladalaryna guwandyryjy netijeler, belent sepgitler bilen jogap bermegi maksat edinen bu daýhan birleşiginiň gallaçylarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çekýän agzybirlikli zähmeti bellenmäge mynasypdyr. Olar geçen ýylyň güýz paslynda jemi 5 müň gektardan gowrak meýdana bugdaý ekmek boýunça iş alyp bardylar. Şonda öz wagtynda sürlüp, tekizlenilip, talabalaýyk suw tutulan hem-de taba gelen ýerlerde ekiş agrotehniki kadalara laýyklykda geçirildi. Bu işlerde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kuwwatly traktorlarynyň, şonuň ýaly-da daýhan birleşiginiň öz tehnikalarynyň güýjünden öndürijilikli peýdalanyldy. Bu bolsa ekişiň öz wagtynda tamamlanmagyna we kadaly gögeriş alynmagyna mümkinçilik berdi.

Baglar — zeminiň görki

Welaýatymyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, Şabat etrabynyň «Bossan» daýhan birleşiginde hem ökde kärendeçi bagbanlaryň ençemesi zähmet çekýär. Olar bahar paslynyň gelmegi bilen, baglaryň iş-aladasynyň artýan şu günlerinde öz bag meýdanlarynda zerur çäreleri geçirmäge uly üns berýärler. Bu barada tejribeli bagbanlaryň hatarynda ady agzalýan Batyr Seýidow şeýle gürrüň berdi: — Halkymyzda bag ekmek, oňa ideg etmek, hasyl ýetişdirip ile-güne hödürlemek iň haýyr-sogaply işleriň biri hasaplanylýar. Onuň üstümize saýa salyp, töweregimiziň bezegini artdyrýandygy üçin hem bu şeýle bolýar. Şuny nazara alyp, soňky ýyllarda ýurdumyzda bagbançylygy ösdürmek, baglary köpeltmek babatda möhüm işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgelerini dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň 1-nji martda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde şu ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Karara gol çekmegi has-da netijeli işlemäge ruhlandyrdy. Şonuň netijesinde bagbanlar üçin döredilýän şertler, olara goýulýan hormat-sarpa bizi has-da buýsandyrýar.

Döwrebap ýyladyşhana bereket eçilýär

Türkmenbaşy şäherindäki ýyladyşhananyň alyp barýan işleri bilen tanşanyňda, milli ykdysadyýetimiziň oba hojalygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň oňyn netijelerini berýändigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy Sapardurdy Nazlyýewe degişli bolan ýyladyşhanada gök önümlerden bitginli hasyl ýygnamakda ýetilýän sepgitler telekeçiligi ösdürmekde döwletimiz tarapyndan berilýän giň gerimli goldawlara netijeli zähmet bilen jogap bermekdäki tagallalaryň guwandyryjy miwesidir.

Möhüm çäre ýokary depginde

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň gowaça ekişi möwsümine ýerleri birkemsiz taýýarlamak babatda esasy çäreleriň biri bolan ýuwuş suwuny tutmakda Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary has-da öňe saýlanýarlar. Şeýlelikde, olar şu wagta çenli 300 gektara golaý meýdanda bu işi ýokary hilli ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Munuň özi öňdäki  möwsümde gowaça tohumynyň ekilmegi  göz öňünde tutulýan ýerleriň esasy bölegine suw berlendigini aňladýar. Öz wagtynda sürlüp, tekizlenilip, çiller arkaly bölünen meýdanlara suw tutmakda daýhan birleşiginiň ähli kärendeçiler toparlarynyň agzalary hem oňat görelde görkezýärler. Tejribeli kärendeçilerden Güneş Ärjanowanyň 4,8, Mamagül Şerjanowanyň 2,6, Atanyýaz Rejepowyň 1,5 gektardan ybarat meýdanlarynda bu çäräni öňdäkileriň hatarynda berjaý edip has-da ýokary netijeleri  gazanandyklaryny bellemek bolar.

Ýeralmanyň bol hasyly ugrunda

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzy özümizde öndürilen ýeralma, gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek barada öňde goýýan möhüm wezipelerinden ugur almak, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmak maksady bilen, Akdepe etrabynyň kärendeçi daýhanlary giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda jemi 3440 gektar meýdanda ýeralmanyň bol hasylyny kemala getirmegi göz öňünde tutup, şu günlerde onuň ekişini ýokary depginlerde alyp barýarlar. Ýeralma ekişi etrabyň «Şabat», N.Andalyp adyndaky we beýleki daýhan birleşiklerinde has-da öndürijilikli geçirilýär. Ekişde ekiji gurallaryň onlarçasy ulanylýar. Etrabyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginde hem şu möwsümde 100 gektar meýdana ýeralma ekmek meýilleşdirildi we öz wagtynda sürlüp, tekizlenilip, suwdan gandyrylyp, ekişe taýýar edildi. Şonuň netijesinde birleşigiň kärendeçi daýhanlary öňdäkileriň hatarynda ýeralma ekişine girişmek bilen, tohum taşlanylan meýdanlaryň gektar sanyny barha artdyrýarlar. Bu babatda Ylýas Kasymow, Kemal Baýarow, Çary Orazmetow ýaly kärendeçiler has-da tapawutlanýarlar. Daýhan birleşiginde ýeralma ekişinde ýörite ekiji gural tirkelen kuwwatly traktoryň güýjünden peýdalanylyp, oňa tejribeli mehanizator Begmyrat Letipow erk edýär. Onuň yhlasly zähmetiniň netijesinde her günde 5-6 gektar meýdana ýeralma ekilýändigini aýtmak gerek. Munuň özi bu möhüm çäräniň gys

Topragyň bahar demi

I. Abiwerdiň gök maýsalary, ak gülleri Ýokarky sözbaşy bahar barada bolsa-da, üstüne ak gar düşen atyzlarda döredi.

Topragyň bahar demi

I. Abiwerdiň gök maýsalary, ak gülleri Ýokarky sözbaşy bahar barada bolsa-da, üstüne ak gar düşen atyzlarda döredi.

Topragyň bahar demi

I. Abiwerdiň gök maýsalary, ak gülleri Ýokarky sözbaşy bahar barada bolsa-da, üstüne ak gar düşen atyzlarda döredi.

Topragyň bahar demi

I. Abiwerdiň gök maýsalary, ak gülleri Ýokarky sözbaşy bahar barada bolsa-da, üstüne ak gar düşen atyzlarda döredi.

Öý guşlarynyň jüýjelerini iýmitlendirmegiň usullary

Ýakynda redaksiýamyza Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Erden geňeşliginiň ýaşaýjysy, mugallym Rozyjuma Rahymow telefon arkaly şeýle sowal bilen ýüz tutdy: «Öý şertlerinde towuk, hindi towugy, ördekdir gaz jüýjelerine ideg edilişiniň usullary dogrusynda maglumat beriläýse gowy bolardy». Biz okyjymyzyň haýyşyny kanagatlandyrmak üçin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň esasy ylmy işgäri Jumageldi Aýtmämmedowa ýüz tutduk. Şonda alym hünärmen okyjymyzyň beren sowalyna şeýle jogap berdi: —Towuk jüýjeleri emeli usulda köpeldilende inkubator enjamyndan çykarylyp, endamy guransoň, näçe çalt iýmitlendirilse, şonça-da sagdyn bolýarlar. Inkubator enjamyndan çykan jüýjeler iýmitlendirilmän köp saklansa, ýitgisi artýar. Olaryň saklanýan jaýynyň ýylylygy 18 — 20 gradus derejede, çyglylygy bolsa 65 — 70 göterime deň bolmalydyr.

Gurallar göwnejaý abatlanýar

Gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny kemala getirmekde baý tejribe toplan Ruhubelent etrabynyň daýhanlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 3 müň 500 gektar ýere gowaça ekmegi göz öňünde tutýarlar. Munuň üçin örküni topraga baglan kärendeçileriň hem-de daýhan hojalyklarynyň pagtaçylarynyň ençemesi tutanýerli zähmet çekýärler. Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl gowaçanyň 1000 gektaryny «Türkmenistan», 500 gektaryny «Aşyk Aýdyň» daýhan birleşiginiň kärendeçileri, 2000 gektaryny daýhan hojalyklaryň pagtaçylary ekip, bereketli hasyl almagy maksat edinýärler. Şu günler gowaçanyň bereketli hasylynyň düýbüni tutmak ugrunda gyzgalaňly işler alnyp barylýar. Ýerler ýerli we fosfor döküni bilen gurplandyryldy. Ýerleri gowaça ekişine taýýarlamakda etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň agzybir işgärleri özleriniň tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Olar üstümizdäki ýylda gowaça ekiljek meýdanlarda çuň şüdügärleme, tekizleme we çil çekmek işlerini üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şu günler oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallaryny öňde duran ekiş möwsümine taýýarlamak, abatlamak işleri göwnejaý amala aşyrylýar. Kärhanada gowaça ekiji gurallaryň 5-si, dökün sepijileriň 11-si, 300-den gowrak borona, 70-e ýakyn mala, 12 çizel we beýleki oba hojalyk gurallary abatlanyldy. Kärhananyň ussalaryndan Gaýypgeldi Şirmedow, Orazmuhammet Baýgeldiýew, Şyhmät Mätjanow da

Daýhan aýasyndan belli

Il içinde «Eklenjiň yzyndan diňe halallyk ýeter» diýen pähim bar. Pederlerimiz diňe halallyk bilen eşretli ýaşaýşa ýetip bolýandygyny pent edipdirler. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesi häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirilýär. Ildeşlerimiz päk zähmetiniň hözirini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar. Ine, yhlasyndan döwlet tapan ildeşlerimiziň biri-de Arslan ATAÝEWDIR. Ol ençeme ýyl bäri daýhançylyk bilen meşgullanyp gelýär. Arslan aga bilen gürrüňdeş bolmak üçin Gökdepe etrabynyň «Ýaňgala» daýhan birleşigine tarap ýola düşdük. Onuň bilen daýhan birleşiginiň edara binasynda gabatlaşdyk. Güler ýüzli, peşeneli kişi bilen elleşip salamlaşanymyzda, şahyryň: «Daýhan aýasyndan bellidir» diýen sözleri ýada düşdi.

Oba hojalyk pudagyndaky özgertmelerden ruhlanyp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň durmuş we zähmet şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kanunçylyk binýadynyň hem-de önümçilik gatnaşyklarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde daýhanlarymyza öndürijilikli zähmet çekmäge we bereketli türkmen topragyndan bol hasyl almaga döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 9-njy fewralynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2023-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen çözgütler ýurdumyzyň agrosenagat pudagynda yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýän oba hojalyk işgärlerini buýsandyrdy.