Baýyrlarda guzy sesi ýaňlanýar

11 Mart 2024
541

Çarwa nowruzy çopan-çoluklaryň sabyrsyzlyk bilen garaşan döwri bolup, onda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi başlanýar. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, Köýtendag etrabynyň maldarlary bu möwsümi hem netijeli başladylar.

Geçen gyşdan 19 müň 455 baş maly dok alyp çykan «Köýtendag» maldarçylyk hojalygynyň tejribeli maldarlary owlak-guzy möwsümine-de ykjam taýýarlykly geldiler. Olar 8136 ene goýundan 7926 guzy almagy maksat edindiler. Elbetde, bu sepgide ýetmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Munuň üçin ene goýunlary ytygsatman, tekiz örüde örän seresaply bolup bakmaly. Şonuň üçin Köýtendagyň eteklerindäki «Leýlimekan», «Gökmiýar», «Bazardepe» ýaly öri meýdanlary saýlanyp alyndy. Owlak-guzy möwsümine çenli ol meýdanlarda mal bakylmaýar. Bu ýerde bolan günümiz, eýýäm 186 guzyny enesiniň yzyna tirkän süriniň eýesi, hojalygyň 4-nji bölüminiň çopany Ýolbars Nartäjiýew: — Ine, serediň yzgaryň näçe aşak gidenine. Yzgar näçe çuňa aralaşsa, şonça-da bereket bolýar, otlar gowy ösýär. Biz — çopanlar mydama gar-ýagyş dileýäris. Soňky ýagan ýagyş bilen gar tebigatyň bize eçilen serpaýy boldy. Indi, enşalla, mallarymyz gök otuň içinde ýaýnar. Guzular hem gününi sanap öser — diýip, gürrüň berdi.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).