Öý guşlarynyň jüýjelerini iýmitlendirmegiň usullary

5 Mart 2024
579

Ýakynda redaksiýamyza Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Erden geňeşliginiň ýaşaýjysy, mugallym Rozyjuma Rahymow telefon arkaly şeýle sowal bilen ýüz tutdy: «Öý şertlerinde towuk, hindi towugy, ördekdir gaz jüýjelerine ideg edilişiniň usullary dogrusynda maglumat beriläýse gowy bolardy». Biz okyjymyzyň haýyşyny kanagatlandyrmak üçin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň esasy ylmy işgäri Jumageldi Aýtmämmedowa ýüz tutduk. Şonda alym hünärmen okyjymyzyň beren sowalyna şeýle jogap berdi:

—Towuk jüýjeleri emeli usulda köpeldilende inkubator enjamyndan çykarylyp, endamy guransoň, näçe çalt iýmitlendirilse, şonça-da sagdyn bolýarlar. Inkubator enjamyndan çykan jüýjeler iýmitlendirilmän köp saklansa, ýitgisi artýar. Olaryň saklanýan jaýynyň ýylylygy 18 — 20 gradus derejede, çyglylygy bolsa 65 — 70 göterime deň bolmalydyr.

Taýýarlan Laçyn SAMMAKOWA,
«Bereketli toprak».