"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Berekede badalga

Ertir welaýatymyzda gowaça ekişine girişiler Ertir çarşenbe. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji, baharyň bolsa dördünji çarşenbesi. Ertirki gün bereketli türkmen topragynda ýene bir uly tutumyň ― gowaça ekişiniň sähedi bolar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem bu möhüm oba hojalyk möwsümine taýýarlykly gelindi.

Ýüpekçilik — bereket çeşmesi

Bu gün türkmen bazarlaryndaky nepis haly, ýüň-ýüpek önümlerini görmäge göz, waspyny ýetirmäge söz gerek. Biri-birinden owadan öýmelere, gyňaçlara, köýneklik matalara, atlazlara, ýüpek ketenilere gözüň düşende, Diýarymyzda dokmaçylygyň günsaýyn ösýändigine has-da göz ýetirýärsiň. Ýüpek fabriginde öndürilýän ýüpek halylar, sowgatlyk önümler, dürli ýüpek matalar daşary ýurtlaryň harydyny küýsederli däl. Bu zatlary aýtmak bilen, öndürilýän şeýle ajaýyplyklaryň çig maly bolan ýüpegi berýän, göwnüne ýetibilseň girdejisiniň berekedi egsilmeýän ýüpek gurçugy barada söhbet açmakçy bolýarys. Bahar paslynyň gelmegi bilen oba hojalygynda işleýän adamlaryň, çarwalaryň, şol sanda türkmen ýüpekçileriniň hem iş-aladasy artýar. Eýýäm fewral aýynyň ikinji ýarymyndan başlap, gurçuk idediljek ýerlerde taýýarlyk işleri geçirilýär. Olaryň saklanyljak jaýlarynyň ýylylyk, çyglylyk derejesiniň talabalaýyk bolmagyny, guşlardan goraglylygy gazanylyp, ýüpek gurçuklaryna zyýan berip biljek mör-möjeklerden goramak üçin dermanlanylýar, üzärlik tütedilýär. Ýylyň gelşine görä, mart aýynyň aýagynda — aprel aýynyň birinji ýarymynda ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümi gyzgalaňly başlanýar.

Tekerlerdäki dron — daýhanyň kömekçisi

Sidneý uniwersitetiniň alymlary tarapyndan işlenip düzülen «tekerlerdäki dron» oba hojalyk roboty ilkinji synaglardan üstünlikli geçdi. Günorta Uelsde synagdan geçirilen täze robot eýesine arzan düşýändigi bilen tapawutlanýar. Bu gezek asmana uçman, tekerleriň üstünde hereket etmegi saýlap alan dronuň esasy başarnygy nämede? Ol ekiniň ösüşini ölçeýär we haşal otlaryň ýaýramagynyň öňüni alýar. Gerek bolsa, ýeri bu otlara garşy dermanlap çykýar.

Marsda ýeralma ýetişdirip bolar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň NASA guramasy peruly alymlar bilen birlikde kosmos şertlerinde ýeralma ýetişdirmek boýunça gözlegleri geçirdi. Munuň üçin Perunyň paýtagty Lima şäherinde döredilen «Älem ýyladyşhanasynda» synaglar geçirildi. Ýyladyşhanada howanyň ýylylygy 0 derejeden pese düşürilip, güýçli howa basyşy emele getirildi. Garaz, alymlar Marsdaky şertleri döretmek üçin ähli tagallalary etdiler. Limadaky «Marsyň» ýagtylygy hem hakyky Marsyň gije-gündiz çalşygyna laýyklykda düzüldi. Ýyladyşhana diňe howa babatynda däl, toprak babatda hem ýer bilen bütinleý çapraz gelýän şertlere eýe.

Bal arylaryň «ylham» gülleri

Awstraliýaly dizaýner tarapyndan işlenip düzülen «sintetiki tozanlandyryjy» oba hojalygyndaky öndürijilige goşant goşýan bal arylaryň sanyny köpeltmäge ýardam berer. Bal arylaryň sanynyň azalmagy diňe bir biodürlülige däl, eýsem, ekerançylyk ýerleriniň öndürijiligine-de täsiri uly. Munuň üçin olaryň sanyny köpeltmekde täze teklipler öňe sürülýär. Şol teklipleriň biri hem awstraliýaly dizaýner Maýkl Kendä degişlidir. Ol bu meseläni çözmek üçin täze tehnologiki oýlap tapyş etdi. Onuň 3D çap ediji arkaly işläp düzen robot gülleri emeli tozanlanmak bilen bal arylary hem bu işe çagyrýar. Bal arylar adaty güller bilen bir hatarda robot güllere hem gonup, iş öndürijiligini artdyryp bilerler.

Nabat bagban

Oba adamlarynyň iş guraýyşlary howa ýagdaýyna, möwsüme görä bolýar. Daýhanlar häzirki bahar maýylganlygynyň her sagadyny ýerlikli peýdalanmakdan ötri, meýdan işlerine doly girişdiler. Hawa, häzir bagban Nabat Hanabaýewanyň her sagady gymmatly. Çünki 67 ýaşly Nabat daýza bagbançylygyň baglary sapmak ýaly çylşyrymly we hysyrdyly pişesi bilen 10 ýaşyndan bäri meşgullanýar. Günorta dynç alyş mahaly onuň bilen sähel salymda bu ugurda esli zadyň gürrüňini edip ýetişdik. Ol maşgalasy bilen her ýyl bag sapyp ýa-da çybykdan nahal alýan möçberiniň 50 — 60 müňe ýetýändigini aýdýar. Munuň üçin noýabr aýynda ýere şänik atyp, gögeren nahaly bir ýyla ýakyn mahaldan — indiki ýylyň sentýabr aýynda sapýar. Sapylan nahal şondan soňam bir ýyl gögerip oturýar. Şeýdibem, iki ýyla ýetip-ýetmän, ekişe taýýar bolýar. Nahallaryň haýsysy bilen haýsysynyň sapmaga laýykdygy barada sowaly berjegimizi bilen ýaly, ol erik bilen erigi, alma bilen almany sapmagyň netijelidigini aýdýar. Behi bilen armydyň gowy «oňuşýandygyny» belleýär. Bagban zenan subtropik agaçlardan injiri hem sapýan eken.

Ýüpekçilikde möhüm möwsüm

Bahar paslynyň gelmegi bilen, daş-töweregimizi gurşap alan tebigata jan girdi. Daragtlar pyntyklap, gülläp, ýaprak ýaýyp başladylar. Tut agaçlary-da özüniň ýüpek ýapraklarynyň ujuny görkezdi. Şeýle günlerde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda 2021-nji ýylda pile öndürmek hakynda Karara gol çekmegi ýüpekçileri örän begendirdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz boýunça 2100 tonna çig pile öndürmek baradaky wezipe ýurdumyzyň ýüpekçileriniň öňünde belent borç bolup durýar. Halkymyz bu pudagy üstünlikli alyp barmak bilen, baý tejribe toplady. Ata-baba ýörelgesini dowam etdirip, ýüpekçilerimiz pileden diňe bir ýüpek matalary, halylary dokamak bilen çäklenmän, onlarça görnüşli önümleri öndürmegi hem ýola goýdular.

Ýer bilen baglanyşykly sözler

Par — öňki ýyl sürlen ýer.Atyz — daş-töweregine çil çekilen ýer.Ýanaw — ýapgyt ýer.Çeltik — şaly ekiljek yzgarly ýer.Depiz — sähralarda ýerleşýän daş-töweregini gum gurşap alan şor ýer.Ala — üstüne gyrymsy çöp biten çäge gatyşykly takyrlar.Aklaň — üstünde selçeň ösümlik bitýän ullakan çägeli depe.Daz — ösümlik bitmeýän şor ýer.Şirem — iki derýanyň arasyndaky ýer.Akyn — ýagyş suwunyň akan ýeri.Peýkal — bölek ekin meýdany.Pyşda — joýanyň arasyndaky boş ýer.Nurhorda — dökün dökülen ýer.Tagta — tekiz düzlük, iki jülgäniň aralygyndaky tekizlik.Bil — görnüşine görä ýer.Guzaý — bir tarapyna Gün düşýän ýer.Çagat — ösümligi az otly ýer.Ýazy — sähralyk otuň bol ýeri.Şüdügär — sürlüp goýlan ýer.Kak — takyrlarda ýagyş suwunyň ýygnanýan ýeri.Jezire — dört tarapy suw bilen gurşalan ýer.Ak gaýyr — derýanyň suwunyň çekilen ýeri.

Azyk berekedi ugrunda

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Balkanazyk» önümçilik birleşiginiň Serdar şäherindäki azyk önümleri kärhanasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-fewral aýlarynda öwgä mynasyp işler bitirildi. Has takygy, geçen iki aýda bu ýerde gaýtadan işlenen 2 müň 417 tonna pagta çigidinden 375 tonna ýokary hilli azyklyk ýag taýýarlanylyp, meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Şeýle hem kärhanada taýýarlanylýan ýokary hilli et we süýt önümlerine bolan isleg hem barha artýar. Muňa geçen hasabat döwründe söwda nokatlaryna 20 tonna et we 27 tonna süýt önümleriniň göze gelüwli gaplara gaplanylyp ugradylmagy hem aýdyň görkezýär. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli köpdür. Önümçilik işleriniň amala aşyrylmagy bilen gürrüňi edilýän döwürde bu ýerde pul hasabynda bitirilen işleriň möçberi 1 million 294 müň manatdan hem köp boldy.

Daýhanlaryň ygtybarly daýanjy

Oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasyl öndürmekde, möwsümleýin agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmekde täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tehnikalaryň ähmiýeti uludyr. Bu babatda mehanizatorlar daýhanlaryň iň ýakyn ýardamçylarydyr. Görogly etrap Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda dünýäniň abraýly kompaniýalarynyň öndüren «Case», «CLAAS», «Ahion-850», «John Deere», «Belarus-1221» kysymly sürüm traktorlarynyň 47-si, şeýle-de «СLAAS AHOS-340» bejergi traktorlarynyň 39-sy, däne we pagta ýygnaýan kombaýnlaryň 69-sy bar. Olaryň kömegi bilen 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda etrapda galla hem-de pagta meýdanlarynda düzlemek, sürüm, ekiş, hatarara bejeriş-ideg, ýygym işleri ýokary derejede amala aşyryldy. Şol sanda abatlaýyş ussahanasynda we beýleki ýerlerde işler talabalaýyk ýerine ýetirildi.

Daýhan ýörelgesi

Geçen ýyl Hasyl toýunyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda oňa ýokary döwlet sylagy — Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly gowşuryldy. Bu onuň köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetine, yhlas-başarnygyna berlen ýokary baha, kalbyny guwançdan dolduran waka boldy. Elbetde, beýleki kärlerde bolşy ýaly, daýhançylykda hem şeýle ýakymly pursatlara, uly tejribä ýetilýänçä ýadawsyz zähmet çekmeli  bolýar. Dogry, bir ýylyň dowamynda-da ýerden bol hasyl alyp, ýokary netije gazanmak mümkin. Ýöne bu entek hakyky daýhan bolandygyňy aňlatmaýar. Ol diňe uly ýoluň başlangyjy bolup biler. Soň şol ýol bilen irginsiz hem-de dogry ýörän adamyň şeýle derejeleriň buýsanjyny başdan geçirjekdigine şübhe ýok.

Oba hojalyk habarlary

TEHNIKALAR MÖWSÜME TAÝÝARS.A.Nyýazow adyndaky etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti bagtyýarlyk döwrümiziň her ýylynda dürli görnüşli oba hojalyk önümlerini öndürmekde ýokary netijeleri gazanyp gelýär. Munuň özi hojalykda ýylyň dowamynda derwaýys çäreleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli amala aşyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Paýdarlar jemgyýetiniň zähmetsöýer kärendeçileri, mehanizatorlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň golaýlap gelýän gowaça ekişi möwsümine hem oňat taýýarlyk görýärler. Olar şu günler ýerleri möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işleri talabalaýyk alyp barmak bilen, onuň ilkinji pursatlardan ýokary depgine eýe bolmagyna şert döredýärler.

Ýokary netijeler ugrunda

Gyş paslynyň tamamlanyp, ýaz paslynyň gelmegi bilen obahojalykçylaryň iş-aladalary has-da gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar. Häzirki wagt maldarlar üçin jogapkärli möwsüm, owlak-guzy almak, mallaryň baş sanyny artdyrmak wezipesi örboýuna galýar. Mallary gyşdan dok we abat alyp çykan çopan toparlarynda owlak-guzy almak möwsümi üstünlikli başlandy we dowam edýär. Welaýatymyzyň maldarlary hem möwsümleýin işleriň her birini guramaçylykly geçirmegiň hötdesinden gelýärler. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny üstünliklere besläp, ýokary netijeleri gazanmak üçin welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň agzybir, zähmetsöýer işgärleri, çopan-çoluklary, weterinar lukmanlary tutanýerli zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň goldawlaryndan, özleri hakynda edýän irginsiz aladalaryndan ruhlanyp işleýän maldarlar, ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek, mallardan bol önüm alyp, baş sanyny artdyrmak üçin ýaryşyp işleýärler. Bu möwsümi ýokary netijelere besläp, abraýly jemlemek üçin işler guramaçylykly alnyp barylýar.

Maldarçylykda jogapkärli möwsüm

Ak bugdaý etrabynyň maldarlary dowarlardan owlak-guzy, düýelern köşek almak boýunça jogapkärli möwsümi guramaçylykly alyp barýarlar. Mukads Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toý ediljek ýylynda etrap boýunça dowarlardan sagdyn owlak-guzularyň 48 müň 710-syny, düýelern köşegiň 1 müň 528-sini almak meýilleşdirilýär. Häzirki güne çenli alnan owlak-guzularyň we köşegiň sany maldarlaryň bu möwsümi ýokary görkezijiler bilen jemlejekdigine ynamy artdyrýar. Jogapkärli möwsüm etrabyň aýry-aýry hojalyklarynyň çöl merdanalarynyň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Etrabyň Magtymguly adyndaky, «Gäwers», «Ýalkym», «Ýerbent» daýhan birleşikleriniň maldarlary babatynda şeýle diýmek bolar. Agzalan hojalyklaryň maldarlarynyň dowarlardan owlak-guzy, düýelern köşek almak boýunça meýilnamalaryna höt geljek günleri uzakda däl. Ýeri gelen, maldarçylykdaky möhüm möwsümiň dowam edýän häzirki günlerin Türkmenistanyň Kärşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleriniň hem çopan goşunda bolup, çopan-çoluklaryň armasyny ýetirýändigini bellemek gerek.

«Ekiniň hemdemi, ýeriň ýarany»

Magtymguly Pyragynyň bu setirini ýöne ýerden sözbaşa çykarmadyk. Hakyň didaryny gören gudratly suwuň dirilik çeşmesidigi barada «Suw damjasy — altyn dänesi», «Suwly ýer — gülli, suwsuz ýer — ýelli», «Suw — hasylyň enesi» diýen ýaly pähimler döräpdir. Elbetde, suwsuz ýaşaýşyň ýokdugy hemmä düşnükli hakykat. Çünki suw biosferanyň iň wajyp elementleriniň biri. Ekerançy alymlaryň pikirine görä, ösümlik alýan suwunyň her 1000 gramyndan diňe iki gramyny organiki maddalary emele getirmek üçin harçlaýar. Galan 998 gramyny bolsa bugardyp goýberýär. Şeýlelikde, tebigatda ähli janly-jandaryň ýaşamagy üçin zerur bolan suw aýlanyşygy geçýär. Aýry-aýry ösümlikleriň suwy sarp edişi birmeňzeş bolmaýar. Mysal üçin, bir kilogram bugdaý dänesini ösdürip ýetişdirmek üçin, ol kemala gelýänçä, ortaça, 750 litr suw harçlanýar. Bir kilogram arpanyň ýa-da ýeralmanyň doly hasyl bermegi üçin bolsa 1250 litr suwy harç etmeli bolýar. Şundan görnüşi ýaly, ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleri üçin ägirt uly möçberde suw gerek. Şunça mukdardaky suw gorlaryny döredip, ondan netijeli we tygşytly peýdalanmak şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar. Eýsem, şu günki günde biz bu işiň hötdesinden gelip bilýärismi? Ine, bu barada hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 3-nji fewralynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça geçiren maslahatynda aýratyn durup geçdi.

Irki ekinler ekilýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda welaýatymyzyň ýer eýeleri bazarlarymyzy dürli görnüşli azyk önümleri bilen üpjün etmäge, oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzy berekediň, bolçulygyň mekanyna öwürmäge mynasyp goşant goşmak maksady bilen oba hojalyk ekinleriniň irki ekilýän birnäçe görnüşleriniň ekişine guramaçylykly girişdiler.

Tehnikaň saz — muşakgatyň az

Gyş paslynyň tamamlanmagy bilen daýhanlar üçin jogapkärli möwsüm başlanýar. Baharyň gelmegi bilen «Gyş gamyny ýaz iý» diýlenine eýerilip, dürli ekinler ekilýär. Esasan hem kärende ýerlerinde gowaça ekişi gyzgalaňly ýagdaýa eýe bolýar. Gowaça ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek bol hasyl almagyň girewidir. Bu işde esasan daýhanlar tehnika güýjüne daýanýarlar. Şoňa görä hem şu günler daýhan birleşiklerinde we etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda jogapkärli möwsüm — gowaça ekişine taýýarlyk işleri giň gerimde ýaýbaňlanýar. Kärendeçi daýhanlar kärende ýerleriniň gyralaryny, ýapdyr salmalary arassalamak işleri bilen meşgul bolýarlar. Gowaça ekişine taýýarlyk işlerinde esasan tehnikalara daýanylýar. «Tehnika — daýhanyň ygtybarly daýanjy» diýlip hem şonuň üçin aýdylan bolsa gerek. Tehnika birnäçe adamyň bir günde etjek işini sähel salymyň içinde ýerine ýetirmegi başarýar. Şeýlelikde, tehnikanyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatynyň bardygyna göz ýetirse bolýar. Ýöne diňe tehnikanyň bolany bilen oňa düşünýän hünärmenler bolmasa onuň bir özüniň etjek işi ýok. Şonuň üçin traktorlara tirkelýän abzallary, gurallary dogry düzmegi we talaba laýyk ulanmagy başarýan hünärmenlerdir mehanizatorlar gerek. Daýhan birleşiklerinde we tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda işiniň ussady bolan tejribeli hünärmenler, abatlaýjy ussalar, mehanizatorlar zähmet çekýärler. Mehanizatorlar özleri

Oba hojalygy: bahar aladalary

Baýramaly etrabynyň «Mekan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Muhammetmyrat Aşyrow hojalykda öňdebaryjy kärendeçileriň biridir. Onuň 6 gektar kärende ýeri bolup, oňa bugdaýdyr pagta ekip, her ýyl bereketli hasyl almagy başarýar. Muhammetmyrat aga üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň hasyly üçin kärende ýerine bugdaý ekdi. Ol «Yhlasly ideg — gowy netije» diýlenine eýerip, ak ekiniň idegini kemsiz ýetirýär. Ol şu günler bugdaýy iýmitlendirmek, suw tutmak işleri bilen meşgul bolýar.

Üstünliklere beslenýän zähmet

Ýylyň-ýylyna bolşy ýaly, welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serhetabat etrap maldarçylyk hojalygynyň maldarlary Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem dowarlaryň owlak-guzy möwsümine guramaçylykly girişdiler. Owlak- -guzy möwsümi geçirilmeli ýerlerde arassaçylyk işleri geçirilýär. Üstümizdäki ýylda etrap boýunça dowarlaryň baş sany 287867-ä ýetirilip, şol sanda önüm bermeli ene goýunlaryň baş sany 170957 bolup, olardan sagdyn, tohum guzy almak işleri giňden ýaýbaňlanýar. Dowarlaryň owlak-guzy möwsüminde 158943 sany guzy almaklygy meýilleşdirýän çopan toparlarymyzyň gadamlary batly, ümzükleri öňe. Ýaşyl ýaýlalarda dünýä täze inen guzujyklaryň mäleşýän sesleri sähra guşlarynyň sesleri bilen utgaşyp, täsin bir mukam bolup ýaňlanýar. “Guşgy”, “Çemenabat”, “Serhetçi” maldarçylyk hojalyklary dowarlardan önüm almaklygy üstünlikli geçirýärler. Şu ýyl maldarçylyk hojalyklarynyň çopan toparlarynyň yhlasy bilen işler tutanýerli alnyp barylýar. Bu işde tejribeli çopan toparlarynyň goşantlary uludyr.

Gök önümleriň berekedi

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna hususy pudagyň wekilleri saldamly goşant goşýarlar. Olaryň agrosenagat toplumynda alyp barýan işleri has-da guwandyryjydyr. Welaýatymyzyň Gökdepe etrabynda ýyladyşhana şertlerinde gök önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän telekeçileriň sanynyň ýylsaýyn artmagy bu ugurda begenç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Işi barha ilerleýän şeýle döwrebap ýyladyşhanalaryň biri-de, telekeçi Jennet Öwezowa degişli ýyladyşhana toplumydyr.