Oba hojalyk habarlary

17 Mart 2021
947

TEHNIKALAR MÖWSÜME TAÝÝAR
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti bagtyýarlyk döwrümiziň her ýylynda dürli görnüşli oba hojalyk önümlerini öndürmekde ýokary netijeleri gazanyp gelýär. Munuň özi hojalykda ýylyň dowamynda derwaýys çäreleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli amala aşyrylmagy bilen baglanyşyklydyr.

Paýdarlar jemgyýetiniň zähmetsöýer kärendeçileri, mehanizatorlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň golaýlap gelýän gowaça ekişi möwsümine hem oňat taýýarlyk görýärler. Olar şu günler ýerleri möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işleri talabalaýyk alyp barmak bilen, onuň ilkinji pursatlardan ýokary depgine eýe bolmagyna şert döredýärler.