Nabat bagban

21 Mart 2021
2189

Oba adamlarynyň iş guraýyşlary howa ýagdaýyna, möwsüme görä bolýar. Daýhanlar häzirki bahar maýylganlygynyň her sagadyny ýerlikli peýdalanmakdan ötri, meýdan işlerine doly girişdiler.

Hawa, häzir bagban Nabat Hanabaýewanyň her sagady gymmatly. Çünki 67 ýaşly Nabat daýza bagbançylygyň baglary sapmak ýaly çylşyrymly we hysyrdyly pişesi bilen 10 ýaşyndan bäri meşgullanýar. Günorta dynç alyş mahaly onuň bilen sähel salymda bu ugurda esli zadyň gürrüňini edip ýetişdik. Ol maşgalasy bilen her ýyl bag sapyp ýa-da çybykdan nahal alýan möçberiniň 50 — 60 müňe ýetýändigini aýdýar. Munuň üçin noýabr aýynda ýere şänik atyp, gögeren nahaly bir ýyla ýakyn mahaldan — indiki ýylyň sentýabr aýynda sapýar. Sapylan nahal şondan soňam bir ýyl gögerip oturýar. Şeýdibem, iki ýyla ýetip-ýetmän, ekişe taýýar bolýar. Nahallaryň haýsysy bilen haýsysynyň sapmaga laýykdygy barada sowaly berjegimizi bilen ýaly, ol erik bilen erigi, alma bilen almany sapmagyň netijelidigini aýdýar. Behi bilen armydyň gowy «oňuşýandygyny» belleýär. Bagban zenan subtropik agaçlardan injiri hem sapýan eken.

Hakberdi AMANMYRADOW.
«Türkmenistan».