"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Tohumyň müňlesin, daýhan!

24-nji martda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň wajyp oba hojalyk möwsümi hasaplanýan gowaça ekişine köpçülikleýin girişildi. Demirgazyk sebitimiz bolan Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bu möwsüme 31-nji martda girişerler. Ahal welaýatynyň oba zähmetkeşleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan bellenilýän ýylynda 145 müň gektar meýdanda gowaça ekişini geçirip, bu gymmatly ekinden 280 müň tonna hasyl almagy maksat edinýärler.

Arkadaga ýüreklerde alkyş bar

Myratdurdy Nazlyýew, ýyladyşhananyň ýolbaşçysy:

Ter gök önümler — ak bazarlaryň bezegi

Naýbaşy baýramymyz bolan mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly seneleriniň dabaralanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda hususy ulgamyň eýeleýän ornuny giňeltmek babatdaky tutumlar täze rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen berkarar Diýarymyzyň welaýatlarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan alty sany ýyladyşhananyň dabaraly ýagdaýda açylyp, birbada ulanyşa tabşyrylmagy munuň subutnamasyna öwrüldi. Mähriban Watanymyzyň bagtyýar ilatynyň toý şatlygyny artdyryp, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatymyzyň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsi bolan bu taryhy pursat ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmekde netijeli sepgitlere ýetilýändigini ýene bir ýola tassyklady. Ter gök önümleri bilen zähmetsöýer halkymyzyň baýramçylyk saçaklarynyň bereket bolçulygyny has-da artdyrjak ýyladyşhanalaryň arasynda welaýatymyzyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanýan döwrebap ýyladyşhananyň mynasyp orun eýelemegi guwandyryjydyr. Umumy tutýan meýdany 4 gektar bolup, ýylda bir gektardan 20-50 tonna gök önümleri ýetişdirmek meýilleşdirilýän dö

Möhüm oba hojalyk möwsümi

Ýurdumyzda gowaça ekişine girişildi Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir. Şoňa görä hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 19-njy martda geçiren mejlisinde tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 24-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 31-nji martda ekişe başlarlar.

Ýyladyşhana hojalyklaryny ösdürmek — geljegi uly ugur

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berdi 25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.

Oba hojalyk pudagynda möhüm waka

Ýurdumyzyň her bir sebitinde iri un üweýän, maldarçylyk, guşçulyk toplumlary we ýyladyşhanalar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Olarda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şu giň gerimli işlere hususy telekeçiligiň wekilleri işjeň gatnaşyp, bu ugurda iri maýa goýum taslamalaryny üstünlikli amala aşyrýarlar. Öňňin Ak bugdaý etrabynda döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy, ol «Bugdaýly» daýhan birleşiginiň çäginde guruldy. Bu waka mynasybetli geçirilen dabara welaýatyň häkimi, etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, hormatly ýaşulular, köp sanly oba adamlary gatnaşdylar.

Ýaz meýdan işleri

Köneürgenç etrabynyň Hakykat daýhan birleşiginde 2021-nji ýylyň pagta hasyly üçin 850 gektar meýdana gowaça ekmek meýilleşdirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda daýhan birleşiginiň mehanizatorlaryndan Döwlet Meredow, Gurbanmyrat Gulmyradow, Aýdogdy Myratjykow sürüm-tekizleme işlerini talabalaýyk ýerine ýetirdiler. Gowaça ekiljek meýdanlarda ýuwuş suwlary kada laýyklykda tutuldy. Pagta öndürijiler üçin gowaça tohumynyň çigidini ezmek üçin daýhan birleşiginde ýörite urular taýýar edildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça, il sylagly ýaşulularyň ak pata bermeginde, pagtaçy daýhanlar, kärendeçiler pagta ekiş möwsümine guramaçylykly girişerler. Şu günler daýhan birleşiginiň ýüpek gurçuklary idedilýän ýörite jaýlarynda abatlaýyş işleri geçirilýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy belleniljek üstümizdäki ýylda hojalygyň ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugyndan piläniň bol hasylyny almagy meýilleşdirýärler.

Guzularyň sany artýar

Güneşli Diýarymyzyň sähralarynda bolşy ýaly, dowarlaryň owlak-guzy möwsümi welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serhetabat etrabynyň bereketli ýaýlalarynda hem guramaçylykly geçirilýär. Etrabyň “Serhetçi” maldarçylyk hojalygynyň çopan toparlary hem şu gyzgalaňly möwsümi üstünlikli alyp barýarlar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda maldarçylyk hojalygy boýunça mallaryň baş sany 53670 bolup, şol sanda ene goýunlaryň 27760-syndan 26129 sany sagdyn, guzy almak meýilleşdirilipdir. Hojalykda Gurbanaly Täçmuhammedowyň 1-nji, Kakamyrat Myradowyň ýolbaşçylyk edýän 2-nji maldarçylyk fermalarynyň çopan toparlarynyň arasynda möwsümi üstünlikli jemlemek maksady bilen özara ýaryş giň gerime eýe bolýar. Ýaryşda Gurbanaly Täçmuhammedowyň ýolbaşçylyk edýän maldarçylyk fermasynyň çopan toparlary öňde barýar. Guramaçy, işbaşarjaň müdir bilen giň sährada, zähmetiň gaýnap joşýan ýerinde didarlaşdyk. — Fermamyz boýunça 38790 sany baş mal bolup, şol sanda ene goýunlaryň 17654-sinden 16771 sany sagdyn, guzy almaklyga hötde geldik. Gyzgalaňly möwsümde Eziz Söýünowyň, Güljemal Meňliýewanyň, Merdan Akmuhammedowyň, Kakabaý Arrykowyň, Baýram Meredowyň çopan toparlary özara ýaryşda öňdeligi eýelediler.

Bereket bolçulygy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Garaşsyz döwletimiziň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga ýurdumyzda ähli şertler döredilýär.\ Bedew batly ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyz Türkmenistan bu gün bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Munuň aňrysynda hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi ýatandyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileri goldamak döwlet ähmiýetli wezipedir

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berdi Ahal welaýaty, 25-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.

Biriň müň bolsun, babadaýhan!

Hormatly Prezidentimiz 19-njy martda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlarynyň durmuşynda möhüm möwsümiň — gowaça ekişiniň ýetip gelýändigini, ekişi gysga wagtyň içinde, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 24-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa, 31-nji martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi hem-de il sylagaly ýaşulularymyzdan gowaça ekişine «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, öňňin welaýatymyzda gowaça ekişine dili senaly, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý ruhunda girişildi.

Möhüm möwsüme badalga

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna zähmet ýeňişleri bilen barýan daýhanlar hem hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen 24-nji martda gowaça ekişine girişdiler. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möhüm möwsüme 31-nji martda başlar. Şu hepdäniň çarşenbe güni ýurdumyzyň welaýatlarynyň dördüsinde badalga berilmegi bilen, ene topraga täze ýylyň hasylynyň ilkinji çigitleri atyldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda ýurdumyz boýunça 1 million 200 müň tonnadan gowrak «ak altyn» ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Nesip bolsa, türkmen daýhanlary bu sepgide abraý bilen ýetip, döwletli diýarymyzyň berekedine goşant goşarlar.

Daýhançylyk hakynda

Edenli adam topragy altyna öwrer. ***

Ýurdumyzda gowaça ekişine girişildi

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy martda geçiren mejlisinde tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 24-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 31-nji martda ekişe başlarlar. Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, milli Liderimiziň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, meýdanlara gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler.

Oba hojalyk habarlary

OŇAT HILLI TOHUM — ÝOKARY HASYLYŇ KEPILI Welaýatymyzda ýetip gelýän ekiş möwsümine ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik mukdary taýýarlanyldy. Ekiljek tohum degişli gulluklaryň barlaghanalarynda görnüşleriniň arassalygy, gögerijiligi we beýleki häsiýetleri boýunça barlagdan geçdi. Tohum ätiýaçlyklary özüniň kesellere durnuklylygy, zyýan berijilerden we haşal otlardan goraglylygy boýunça ýörite dermanlar bilen ygtybarly işlenildi. Bu tohum önümleri «Daşoguzpagta» welaýat önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 9-synda taýýarlanyldy. Şeýle oňat hilli tohumyň Sadylla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagta arassalaýjy kärhanasynda-da belli mukdarynyň taýýarlanandygyny bellemek gerek.

Zeminde jenneti dörediji

Halkymyzda irki döwürlerden bäri bag ekmek, oňa ideg etmek sogaply hem haýyrly iş hasaplanýar. «Bir nahal ekseň, ömrüň baky» diýip, Gorkut atamyzyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyz bag idetmegiň edil bir perzendi terbiýeläp ýetişdiren bilen deňdigini, oňa mähir bilen seretmegiň gerekdigini nygtapdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda hem bag baradaky pähimlerdir paýhasly sözlere giň orun berilýär. «Agaç barly bolsa, başy aşak», «Agaç gatysy soky bolar», «Agaç tutan ýeriňden döwülmez», «Bag aýdypdyr: «Bak maňa, bakaýyn saňa» ýaly parasatly jümleleriň pederlerimiz tarapyndan döredilmegi halkymyzda bag ýetişdirmäge uly ähmiýet berlendigini aňladýar. Häzirki döwürde bagbanlar miweli hem-de saýaly baglary ösdürip ýetişdirip, bu ugurda özgertmeleri, döredijilikli işleri durmuşa geçirmäge çalyşýarlar. Welaýatymyzda tejribeli bagbanlar juda köp. Şolaryň biri hem Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Rejepguly Ataýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Tagan Orazdurdyýewdir.

Topraga bereket tohumy sepilýär

Düýn, her ýylda däp bolup gelşi ýaly, il sylagly ýaşulularymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Her bir tohumyň müňlesin!» diýen sözleri Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň çäginde daýhanyň yhlas-mähri siňen giň meýdanlarda ýene-de hyruç bilen ruhubelent ýaňlandyryp, möhüm möwsüme başangyç berdiler. Milli bahar baýramyny dabaraly ýagdaýda bellän ilimiziň kalbyny şatlyga besleýän şanly wakalar, elbetde, bu barlygyň bize eçilen bagtly pursatlary, goşa-goşadan tirkeşip gelip dur. Bagtly iliň günleriniň toýlara ulaşýandygy hakynda aýdylanlaryň ýöne ýerden däldigine tirkeşip gelýän toýlaryň mysalynda aýdyň göz ýetirýärsiň. Ynha, daýhanlarymyzyň durmuşynda iň bir möhüm günleriň başlaýandygyny habar berýän gowaça ekişi ýetip geldi. Irden welaýat häkimliginde gowaça ekişini ýokary hilli we öz wagtynda geçirmek bilen baglanyşykly geňeş-maslahat boldy. Lebaply babadaýhanlar Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň şu bereketli ýylynda 130 müň gektarda gowaçanyň gymmatly çig mal hasaplanylýan hasylynyň 320 müň tonnasyny ýygnap, döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler. Bu maksada üstünlikli ýetmek üçin zerur bolan meseleler birin-birin seljerildi. Geňeş-maslahatda çykyş edenler «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem gowaçadan bol hasyl ýygnamak üçin gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýtdylar.

Taryhy gymmatlyklar arzylanylýar

Döwletli etrabynyň Tallymerjen geňeşligi maldarçylyk hojalygynda idedilen garaköli we sur goýunlary bilen meşhurlyk gazandy. Bu hojalygyň adyny dünýä çykaran wakalaryň biri hem mundan 40 ýyl ozal ― 1980-nji ýylda geçirilen halkara sergi-bäsleşigi boldy. Tallymerjenli maldarlar şol halkara sergi-bäsleşigine sur goýunlarynyň we geçileriň gatyrylan görnüşi bilen gatnaşypdylar. Günorta-gündogar Türkmenistandan baran maldarlaryň sergä hödürlän gymmatlygy uly gyzyklanma döredipdi. Olar ýörite Hormat haty we sergi-bäsleşigiň bürünç medaly bilen sylaglanypdylar.

Welaýatymyzda gowaça ekişine girişildi

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda welaýatymyzyň edermen pagtaçylary Gahryman Arkadagymyzyň berýän hemaýat goldawlaryndan, ýeňilliklerinden ruhlanyp, täze hasylyň düýbüni tutmak işine ýylyň başyndan tutanýerli girişdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 19-njy martynda geçirilen mejlisinde tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 24-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri bolsa 31-nji martda bu möhüm çärä başlarlar.

Taýýarlykly gelindi

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň gowaça ekişi möwsümi hem ýetip geldi. Bu möhüm çärä ähli obahojalyk zähmetsöýerleri bilen bilelikde welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň işgärleri hem ähli tarapdan taýýarlykly geldiler. Toprakdan bol hasyl almak üçin esasan ýokary hilli tohuma daýanylýar. Bu babatda welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda hasyl berijiligi ýokary bolan tohumlar taýýarlanylýar. Welaýatymyz boýunça pagta arassalaýjy kärhanalaryň 9-sy bolup, olarda işler utgaşykly alnyp barylýar. Pagtaçy kärendeçilerimiziň «ak altynyň» bereketli hasylyny almagy üçin olary ýokary hilli gowaça çigidi bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Muňa oňat düşünýän kärhanalaryň agzybir işgärleri bu ugurda sazlaşykly zähmet çekýärler.