Möhüm oba hojalyk möwsümi

26 Mart 2021
969

Ýurdumyzda gowaça ekişine girişildi

Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir. Şoňa görä hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 19-njy martda geçiren mejlisinde tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 24-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 31-nji martda ekişe başlarlar.

Şatmuhammet MEREDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.