Oba hojalyk habarlary

24 Mart 2021
949

OŇAT HILLI TOHUM — ÝOKARY HASYLYŇ KEPILI

Welaýatymyzda ýetip gelýän ekiş möwsümine ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik mukdary taýýarlanyldy. Ekiljek tohum degişli gulluklaryň barlaghanalarynda görnüşleriniň arassalygy, gögerijiligi we beýleki häsiýetleri boýunça barlagdan geçdi. Tohum ätiýaçlyklary özüniň kesellere durnuklylygy, zyýan berijilerden we haşal otlardan goraglylygy boýunça ýörite dermanlar bilen ygtybarly işlenildi. Bu tohum önümleri «Daşoguzpagta» welaýat önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 9-synda taýýarlanyldy. Şeýle oňat hilli tohumyň Sadylla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagta arassalaýjy kärhanasynda-da belli mukdarynyň taýýarlanandygyny bellemek gerek.