"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Angliýada «Liwerpul», Ispaniýada «Žirona» 1-nji orna geçdi

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «As­ton Wil­la» to­pa­ry «Man­çes­ter Si­ti­den» soň «Ar­se­na­ly» hem 1–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Du­şu­şyk­da­ky ýe­ke-täk go­ly 7-nji­ mi­nut­da Mak­Gin der­we­zä gi­riz­di. «Li­wer­pul» bol­sa myh­man­çy­lyk­da «Kris­tal Pa­las» to­pa­ry­ny Sa­lah hem-de El­lio­tyň gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Bu du­şu­şyk­dan soň «Li­wer­pul» 1-nji or­na beý­gel­di. Du­şu­şyk­da ha­sa­by deň­län go­ly ge­çi­ren Mo­ha­med Sa­lah «Pre­mi­er Li­ga­da­ky» 150-nji, «Li­wer­pul­da­ky» 200-nji go­lu­ny öz ady­na ýaz­dyr­dy. Myh­man­çy­lyk­da «Lu­ton Tawn» to­pa­ry­ny Ber­nar­do Sil­wa hem-de Jek Gri­li­şiň gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Man­çes­ter Si­ti» çem­pio­nat­da 4 oýun­dan soň il­kin­ji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. 10-njy tap­gyr­dan soň ýeň­şi ýat­dan çy­ka­ran «Tot­ten­ham» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Nýu­kas­ly» 4–1 ha­sa­byn­da ut­dy. 5 oýun­dan soň ýe­ňiş ga­za­nan «Tot­ten­ha­myň» gol­la­ry­ny Udo­ji, Ri­şar­li­son (2) hem-de Son to­ra gi­riz­di. «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» bol­sa «Pre­mi­er Li­ga­nyň» ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek «Old Traf­ford» sta­dio­nyn­da «Born­mut­dan» ýe­ňil­di. 3-0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan «Born­mu­tyň» gol­la­ry­ny So­lan­ke, Bil­ling hem-de Se­ne­si ge­çir­di. Ge­çen tap­gyr­da «Tot­ten­ha­my» myh­man­çy­lyk­da ýe­ňen «West Ham» baş­ga bir Lon­don der­bi­sin­de «Ful­ham­dan» 5–0 ha­sa­byn­da utul­dy. Ma­li

Ko­pa Ame­ri­ka 2024-iň toparçalary belli boldy

Gü­nor­ta Ame­ri­ka yk­ly­my­nyň çem­pio­na­ty bo­lan Ko­pa Ame­ri­ka bäs­le­şi­gi­niň bi­je­le­ri çe­kil­di. Gel­jek ýyl ABŞ-da ge­çi­ril­jek 48-nji Ko­pa Ame­ri­ka çem­pio­na­ty­na 2 yk­lym­dan 16 ýy­gyn­dy gat­na­şar. Ma­ýa­mi­de ge­çi­ri­len bi­je çe­ki­liş­de soň­ky çem­pi­on Ar­gen­ti­na «A» to­par­ça düş­di. Tan­go­çy­lar Pe­ru­nyň, Çi­li­niň ýy­gyn­dy­la­ry bi­len bi­je çe­kiş­di. To­par­ça­da­ky 4-nji to­par Ka­na­da­nyň ýa-da Tri­ni­dad we To­ba­go­nyň ýy­gyn­dy­sy bo­lar. Ol mart aýyn­da­ky pleý-off du­şu­şy­gyn­dan soň kes­git­le­ner.

Bedenterbiýe we sport – sagdynlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen sportunyň uly ösüşlere eýe bolýan, dünýä ýol salýan döwri boldy. Hormatly Prezidentimiziň eýe eden şu ajaýyp döwründe gurulan we gurulýan sport desgalary, stadionlar, aýlawlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary ýurdumyzyň şäherleriniňdir obalarynyň bezegine öwrüldi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde hem-de saglygyň sakasy bolan sport bilen meşgullanmakda nusgalyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen barha giň gerimde ýaýbaňlanýan köp sanly sport ýaryşlary, welosipedli ýörişler kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp hem, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi giň gerime we uzakmöhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe bolýar. Bu kabul edilýän milli maksatnamalarda hem öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär. Şonuň üçin raýatlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar” diýip nygtamagy Döwlet Baştutanymyzyň halkyň saglygyny goramak barada anyk meseleleri öňde goýýandygyna şaýatlyk edýär. Şol meselel

Spartakiadanyň çäklerinde

Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baradaky Baş müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, TDP-niň şäher komitetiniň, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda Daşoguz şäherindäki 23-nji orta mekdepde «Türkmenistan —ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäklerinde sportuň küşt, düzzüm, şaşka görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.  Bäsleşikler çekeleşikli we  gyzgalaňly häsiýete eýe bolup, küşt boýunça 1-nji ýere Daşoguz şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň, 2-nji ýere 7-nji orta mekdebiň, 3-nji ýere 23-nji orta mekdebiň toparlary mynasyp boldular.

Harby talyplaryň üstünlikleri

Ýakynda sportuň hapkido görnüşi boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda bäsleşik geçirildi. Bu çekeleşikli bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplary gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde harby talyplar Abdylla Nurgylyjow, Şatlyk Nurymow, Haknazar Pirnazarow, Mammed Altyýew dagy 1-nji baýrakly orny eýelediler. Harby talyplar Daýanç Keletliýew, Täçmuhammet Goçmyradow, Durmuş Berdimyradow, Sanjar Orazow, Eziz Ýaýlymow, Ilaman Hapbaýew, Çerkez Çerkezow dagy 2-nji orny, şeýle-de harby talyplar Akmuhammet Mämmetmyradow, Resul Gurbandurdyýew, Kakajan Ýegenmyradow, Musageldi Atamyradow, Maksat Orazow, Kakamyrat Döwranow, Allanazar Gurtgeldiýew, Mekan Rejepow, Guwanç Abdyrasulow dagy 3-nji orny eýelemegi başardylar. Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Hormat hatlary, medallar hem-de ýeňijiniň kubogy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýaryş tamamlansa-da, ýakymly ýatlamalar tamamlanmaýar

Pederlerimiziň: «Ýagşy sözden ýaýrar jahan» diýşi ýaly, her bir aýdylan hoş söz, ýagşy teswir, yhlasyňa berlen ýokary baha adamy guwandyrýar. Eden işi, bitiren hyzmaty üçin hormat-sylaga mynasyp bolan ynsan özüni monça duýýar. Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň guramaçylygy barada ýerli we halkara habar beriş serişdelerinde aýdylan sözleri, teswirleri diňläp, mermer paýtagtymyzda geçirilen bu abraýly ýaryş barada daşary ýurtly galamdaşlarymyz tarapyndan ýazylan makalalary okanyňda-da, edil şeýle ajaýyp duýgulary başdan geçirýärsiň. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty bilegi zor pälwanlarymyzyň nobatdaky üstünligi bolup, türkmen sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Çempionatyň bäsleşikleri «Ýaşlyk», «Türkmenistan Sport», Özbegistan Respublikasynyň «Sport», Täjigistan Respublikasynyň «Warziş» teleýaýlymlarynda, internet torlarynda göni ýaýlymda halk köpçüligine görkezildi. Mundan başga-da, XIV dünýä çempionaty barada «Euronews», «TRT Avaz», «CCTV», «Мir 24» teleýaýlymlarynda ýörite gepleşikler we wideoşekiller taýýarlanyp, dünýä ýurtlarynyň dykgatyna ýetirildi. Aziýa — Ýuwaş umman teleradiog

Sport. Sport. Sport.

KURAŞ — GAÝRATLYLYGYŇ SPORTY Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň noýabr aýynyň 23-28-i aralygy ýurdumyzda uly sport baýramçylyk boldy. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde sportuň kuraş görnüşi boýunça XIV dünýä çempionaty geçirildi. XIV gezek geçirilýän bu dünýä çempionaty sport dünýäsini üstünliklere besledi we ýaş türgenleriň birnäçesiniň gaýratly gollarynyň kuwwatyny has-da artdyrdy. Kuraş boýunça dünýä çempionatynda ýurdumyz jemi 15 medalyň eýesi boldy.

Arzuwlary hasyl bolýan türgen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Diýarymyzda ähli babatda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Şonuň bilen birlikde sport ulgamynda hem uly ösüşlere eýe bolunýar. Ýurdumyzda sporty ösdürmekde hormatly Prezidentimiz uly aladalary edýär hem-de Diýarymyzyň ähli ýerlerinde sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Çaga kalby mydama arzuwdan doly. Öz öňünde belli bir maksat goýýar. Türgen jigimiz hem kiçilikden ertekileri köp okap, diňläp, olardaky gahrymanlar ýaly güýçli, edermen bolasy, şeýle-de, şol gahrymanlara meňzäsi gelipdir. Bu isleg-arzuw hem jigimizde sporta bolan uly höwesi döredýär. Şeýle arzuwly, maksadyna ýeten ýaş türgenleriň biri-de Söýli Annaýewadyr.

Kümüş medalyň eýesi belli boldy

Futbol Milli futbol çempionatymyzyň 24-nji tapgyrynda Balkanabadyň «Nebitçi» topary paýtagtymyzda «Altyn Asyr» bilen duşuşdy. Oýnuň 12-nji minutynda Magtymberdi Berenow balkanabatlylary öňe saýlamagyň hötdesinden geldi. Şondan soňra hüjümlerini has-da güýçlendiren ýer eýelerinden Hoşgeldi Hojowow 38-nji minutda hasaby deňledi. 54-nji minutda Röwşen Halmämmedowyň geçiren goly bolsa aşgabatlylara möwsümdäki 15-nji ýeňşini getirdi. Şu ýeňşiň netijesi boýunça «Altyn Asyr» utuklarynyň sanyny 47-ä ýetirdi we çempionatyň kümüş medalynyň eýesi bolmagy başardy.

Ruhubelentlige beslenen ýaryşlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda sport ýaryşlary geçirildi. Iki günläp tapgyrlaýyn dowam eden ýaryşlara diplomatik gullugyň işgärleri bilen birlikde, köp sanly myhmanlar, sport janköýerleri hem gatnaşdylar. Sportuň iki görnüşi — woleýbol we küşt boýunça geçirilen ýaryşlarda diplomatik gulluklaryň wekilleri ýokary işjeňlik görkezdiler.

Düzzüm boýunça welaýatymyzyň çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde düzzüm boýunça welaýatymyzyň çempionaty geçirildi. Oňa türgenleriň 25-si gatnaşdy. Olaryň 12-si erkekler, 13-si bolsa zenan türgenlerdir. Erkekleriň arasyndaky ýaryşda welaýat merkezindäki 13-nji sport mekdebiniň türgeni Gaýrat Bagtyýarowa taý tapylmady. Ikinji orny bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Eziz Artykow eýeledi. Ýokarda görkezilen sport mekdebiň türgeni Amir Öwezow hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Sport

Çekeleşikli geçen ýaryş Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan sport syýasaty halkyň saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilendir. Sport ulgamynyň ösdürilmegi jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkararlygyna-da özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmekde alnyp barylýan işlerem ýylsaýyn rowaç alýar. Bu hakykaty türgenlerimiziň dürli ýaryşlarda gazanýan üstünliklerem doly subut edýär. Guwançly ýeri, soňky ýyllarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga höwesek ýaşlaryň sanynyň barha artýandygydyr.

Gyzykly geçen ýaryş

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmekde alyp barýan syýasatyndan ugur alyp, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Tejen etrap birleşmesiniň, Ylym we bilim işgärleriniň etrap geňeşiniň hem-de sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramagynda şäherdäki sport mekdebiniň futbol meýdançasynda sportuň futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşa etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaş oglanlardan hem-de orta mekdeplerde bilim alýan ýokary synp mekdep okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. Çekeleşikli geçen ýaryşda etrabyň 11-nji orta mekdebiniň topary 1-nji orna, sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň topary 2-nji orna, Karbamit zawodynyň topary 3-nji orna mynasyp boldy.

Spartakiadanyň çägindäki ýaryş

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guralýan «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çägindäki ýaryşlaryň etrap tapgyrlary üstünlikli dowam edýär. Bu giň göwrümli sport çäräsiniň çägindäki ýeňil atletika ýaryşynyň Babadaýhan etrap tapgyry hem diýseň gyzykly boldy. Etrapdaky 23-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda geçen ýaryşa orta mekdeplerden toparlar gatnaşyp, 100 metr aralyga ylgamakda, uzynlygyna bökmekde we estafetada güýç synanyşdylar. Turuwbaşdan gyzykly geçen ýaryş okuwçy ýaşlaryň erjelligini aýan etdi. Netijede, etrapdaky 18-nji orta mekdebiň topary birinji, 1-nji orta mekdebiň topary ikinji, 23-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelediler. Ýeňijilere hormat hatlary gowşuryldy.

Ýeňil atletikanyň ussatlary

Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çägindäki ýeňil atletika ýaryşynyň etrap tapgyry geçirilip, oňa etrapdaky orta mekdeplerden okuwçylar gatnaşdy. Bu ýaryş “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. 100 metr aralyga ylgamak, uzynlygyna bökmek we estafeta boýunça geçen ýaryş uly gyzyklanma döredip, erjelleri öňe saýlady. Çekeleşikli ýaryşyň netijesinde etrapdaky 1-nji orta mekdebiň topary birinji, 10-njy orta mekdebiň topary ikinji, 16-njy orta mekdebiň topary bolsa, üçünji orna mynasyp boldular.

Jan­kö­ýer­lik sun­ga­ty

«7/24. tm» № 50 (185) 11.12.2023 ýa-da «Ar­ka­dag» to­pa­ry­nyň çem­pi­on­ly­gyn­dan soň­ky duý­gy­lar

Türkmenistanyň sport abraýy barha belende galýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň, her bir raýatyň abadan we döredijilikli durmuşy baradaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda türkmenistanlylaryň saglygynyň berkidilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, şäherlerde we obalarda degişli düzümi kämilleşdirmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň binýadyny goýan sagdyn durmuş ýörelgeleri, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty has-da dabaralandyrmak baradaky beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň üýtgewsiz ugry bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygynyň berkidilmegine hem-de abadançylygynyň üpjün edilmegine ýokary döwlet jogapkärçiligi nukdaýnazaryndan garamak bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty höweslendirmek, wagyz etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Çünki sport güýç-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň, ruhubelentligiň aýdyň nyşany bolmak bilen, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý, giň gözýetimli, häzirki zaman bilimlerine eýe bolan ýaş nesli terbiýelemek işinde möhüm ähmiýete eýedi

Küştçülerimiziň üstünligi

Türkmenistanyň küşt boýunça ýetginjekler we 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy dünýäniň ýedi döwletinden 90-dan gowrak türgeni özünde jemlän Günbatar Aziýanyň çempionatynda üç medala mynasyp boldy. Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde geçirilen halkara ýaryşda türkmen küştçüleri kümüş medallaryň ikisini we bir sany bürünç medaly eýeläp bildiler. Medallaryň ikisi küştüň çalt oýnalýan görnüşi boýunça gazanyldy. Has takygy, bu görnüş boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Halnyýazow mümkin bolan 7 utukdan 5,5 utuk toplap, diňe bir bäsdeşinden yza galdy we hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Şeýle hem şu görnüş boýunça dänewli mekdep okuwçysy Lala Şöhradowa 5,5 utuk bilen bürünç medala mynasyp boldy. Şu görnüşden Aşgabat şäherindäki 117-nji orta mekdebiň okuwçysy Amanmuhammet Hommadowyň hem iň güýçli küştçüleriň bäşligine girendigini bellemek gerek.

Sylaglanyş dabarasy

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçy-türgenleriniň iri ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bizi diýseň begendirýär. Munuň özi biziň hem ýerine düşen yhlasymyzdyr. 15 — 23-nji noýabr aralygynda Meksikanyň Gwadalahara şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşan mekdebimiziň 11-nji synp okuwçysy Anamjan Rustamowa uly üstünlik gazandy. 81 kg agram derejesinde silterläp 104 kg, itekläp 123 kg, umumy

Türkmen dzýudoçysynyň bürünç medaly

Türkmen dzýudoçysy Hekim Agamämmedow Ýaponiýanyň Tokio şäherinde tamamlanan «Grand Slam» halkara ýaryşynda uly üstünlige eýe boldy. Ýaryş 84 döwletden 506 türgeni bir ýere jemledi. 66 kilogram agram derejesinde çykyş eden türkmen dzýudoçysy birinji tutluşygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň türgeni Ari Berlineri ýeňmegi başardy. Ol ikinji tutluşygynda azerbaýjanly Ýaşar Najafowy ýeňdi. Şondan soň moldowaly Rad Izworeanydan üstün çykdy. Türkmen türgeni bu duşuşygyň 2-nji minutynda arassa ýeňiş gazandy.