Bedenterbiýe we sport – sagdynlygyň gözbaşy

15 Dekabr 2023
437

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen sportunyň uly ösüşlere eýe bolýan, dünýä ýol salýan döwri boldy. Hormatly Prezidentimiziň eýe eden şu ajaýyp döwründe gurulan we gurulýan sport desgalary, stadionlar, aýlawlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary ýurdumyzyň şäherleriniňdir obalarynyň bezegine öwrüldi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde hem-de saglygyň sakasy bolan sport bilen meşgullanmakda nusgalyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen barha giň gerimde ýaýbaňlanýan köp sanly sport ýaryşlary, welosipedli ýörişler kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp hem, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi giň gerime we uzakmöhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe bolýar. Bu kabul edilýän milli maksatnamalarda hem öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär. Şonuň üçin raýatlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar” diýip nygtamagy Döwlet Baştutanymyzyň halkyň saglygyny goramak barada anyk meseleleri öňde goýýandygyna şaýatlyk edýär. Şol meseleleri amala aşyrmak üçin iň bir möhüm serişdeleriň biri hem bedenterbiýe we sportdyr.