Günorta Amerika yklymynyň çempionaty bolan Kopa Amerika bäsleşiginiň bijeleri çekildi. Geljek ýyl ABŞ-da geçiriljek 48-nji Kopa Amerika çempionatyna 2 yklymdan 16 ýygyndy gatnaşar.
Maýamide geçirilen bije çekilişde soňky çempion Argentina «A» toparça düşdi. Tangoçylar Perunyň, Çiliniň ýygyndylary bilen bije çekişdi. Toparçadaky 4-nji topar Kanadanyň ýa-da Trinidad we Tobagonyň ýygyndysy bolar. Ol mart aýyndaky pleý-off duşuşygyndan soň kesgitlener.