"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Liga Kubogynyň fi­naly: «Çel­si» – «Li­wer­pul»

Ang­li­ýa­nyň Li­ga Ku­bo­gy­nyň fi­na­ly­na çy­kan to­par­lar bel­li bol­dy. Ýa­rym fi­na­lyň jo­gap du­şu­şyk­la­ryn­da «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da «Middlsb­ro» to­pa­ry­ny 6–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. 1-nji du­şu­şyk­da 1–0 ha­sa­byn­da utu­lan «Çel­si­niň» gol­la­ry­ny How­son (15 ö.d.), Fer­nan­des (29), Di­sa­si (36), Pal­mer (42, 77) hem-de Ma­due­ke (81) ge­çir­di. Ku­bo­gy 5 ge­zek eýe­län «Çel­si» 10-njy ge­zek fi­na­la çyk­dy. «Çel­si­niň» fi­nal­da­ky gar­şy­da­şy «Li­wer­pul» bo­lup, Klop­puň şä­girt­le­ri myh­man­çy­lyk­da «Ful­ham» bi­len 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. 11-nji mi­nut­da Lu­iz Dia­zyň go­lu­na ýer eýe­le­ri 76-njy mi­nut­da Dio­pyň go­ly bi­len jo­gap ber­di. 1-nji du­şu­şyk­da «Li­wer­pul» 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip­di. «Li­wer­pul» bu ku­bo­gy 9 ge­zek eýe­läp, olar 14-nji ge­zek fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy.

16 ýyldan soň «Bawariýany» ýeňdi

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Ba­ýer» myh­man­çy­lyk­da «Le­ip­sig» bi­len du­şu­şyp, güýç­li gar­şy­da­şy­ny soň­ky mi­nut­da ýeň­me­gi ba­şar­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da «Le­ip­si­giň» gol­la­ry­ny Si­mons (7) bi­len Open­da (56), «Ba­ýe­riň» gol­la­ry­ny bol­sa Tel­la (47), Ta (63) hem-de In­ka­pie (90+1) ge­çir­di. «Ba­ýer» äh­li ýa­ryş­la­ry ha­sa­ba ala­nyň­da 27 oýun­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýär we bu ugur­da «Ba­wa­ri­ýa­nyň» re­kor­dy­na go­laý­lap bar­ýar (32 du­şu­şyk). Çem­pi­on «Ba­wa­ri­ýa» öz meý­dan­ça­syn­da «Wer­der» bi­len du­şu­şdy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da «Wer­der» Mit­çell Waý­ze­riň 59-njy mi­nut­da­ky go­ly esa­syn­da 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. «Ba­wa­ri­ýa» to­pa­ry 16 ýyl­dan soň «Wer­der­den» utul­dy. Soň­ky ge­zek «Wer­der­den» 2008-nji ýyl­da utu­lan «Ba­wa­ri­ýa» şon­dan bä­ri 28 oý­nuň 24-sin­de ýe­ňiş ga­zan­dy. Dort­mun­dyň «Bo­rus­si­ýa­sy» bol­sa Ma­le­niň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da myh­man­çy­lyk­da «Köl­ni» 4–0 ha­sa­byn­da utup, bas­syr 2-nji du­şu­şy­gyn­da üs­tün çyk­dy.

«Re­al Mad­ri­diň» 1000-nji ýeň­şi we VAR

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «La Li­ga­da» 21-nji tap­gy­ryň çä­gin­de «Re­al Mad­rid» öz meý­dan­ça­syn­da iň aşa­ky orun­da bar­ýan we şu möw­süm­de ýe­ke ge­zek hem ýe­ňiş ga­za­nyp gör­me­dik «Al­me­ri­ýa­ny» ka­bul et­di. Dart­gyn­ly we je­del­li pur­sat­la­ra baý bo­lan du­şu­şy­gyň eý­ýäm 1-nji mi­nu­tyn­da «Al­me­ri­ýa» Ra­ma­za­ni­niň go­ly bi­len öňe geç­di. Myh­man­lar 43-nji mi­nut­da Ed­gar Gon­za­le­siň owa­dan go­ly bi­len ha­sa­by 2–0-a çy­kar­dy. 2-nji ýa­ry­ma 3 oýun­çy çal­şy­gy bi­len baş­lan «Re­al Mad­ri­diň» ýe­ňiş ga­zan­ma­gyn­da VAR uly rol oý­na­dy. 57-nji mi­nut­da VAR-yň gör­kez­me­si bi­len eminiň «Rea­lyň» peý­da­sy­na bel­län pe­nal­ti­si­ni Bel­lin­gam dürs urup, 1 aý­dan soň gol ge­çir­me­gi ba­şar­dy. 61-nji mi­nut­da «Al­me­ri­ýa» to­pa­ry ýe­ne bir gol ge­çir­di. Ýö­ne VAR-yň gör­kez­me­si bi­len bu go­luň baş­lan­gy­jyn­da oý­nuň düz­gü­ni bo­zu­lan­dy­gy üçin ol ha­sa­ba alyn­ma­dy. 67-nji mi­nut­da Wi­ni­si­us Ju­nio­ryň «eli/eg­ni» bi­len ge­çi­ren go­lu­ny emin il­ki ha­sap et­me­se-de, VAR-da ge­çi­ri­len sel­jer­me­den soň gol ha­sa­ba alyn­dy we ha­sap deň­len­di. Du­şu­şy­ga 11 mi­nut go­şu­lyp, 90+9-njy mi­nut­da Da­ni­el Kar­wa­hal Bel­lin­ga­myň pa­syn­dan soň to­py der­we­zä gi­ri­zip, «Rea­la» ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy bol­dy. Şun­luk­da, «Re­al Mad­rid» kyn­lyk bi­le­nem bol­sa «Al­me­ri­ýa­ny» 3–2 ha­sa­byn­da ýe­ňip, çem­pio

46-njy Dakar Rallisi tamamlandy

Dün­ýä­niň iň kyn ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan Da­kar Ral­li bäs­le­şi­gi ta­mam­lan­dy. Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da bas­syr 5-nji, umu­my­lyk­da-da 46-njy ge­zek ge­çi­ri­len Da­kar Ral­li ýa­ry­şyn­da ýe­ňil ulag­la­ryň sü­rü­ji­le­ri­niň ara­syn­da is­pa­ni­ýa­ly meş­hur sü­rü­ji Kar­los Saýns ýe­ňiş ga­zan­dy. «Red Bull» to­pa­ry­nyň adyn­dan «Audi» ky­sym­ly ulag bi­len bäs­le­şen tej­ri­be­li sü­rü­ji pel­le­ha­na 48 sa­gat 15 mi­nut 18 se­kunt­da gel­me­gi ba­şar­dy. Bu onuň 2010-njy, 2018-nji we 2020-nji ýyl­lar­dan soň 4-nji çem­pi­on­ly­gy bol­dy. Kar­los Saýns ýe­ke tap­gyr­da-da ýe­ňi­ji bol­man, ol 6-njy tap­gyr­dan soň umu­my sa­naw­da­ky bi­rin­ji­li­gi­ni ýa­ry­şyň so­ňu­na çen­li sak­la­ma­gy ba­şar­dy. Bu gör­nüş­de «Red Bull» to­pa­ry­nyň baş­ga bir sü­rü­ji­si, «Toyo­ta» ula­gy bi­len ýa­ry­şa gat­na­şan bel­gi­ýa­ly Gi­ýom de Me­wi­us 2-nji ýe­ri eýe­le­di (49:35:43). Ýe­ňi­ji­den 1 sa­gat 29 mi­nut 12 se­kunt yza ga­lan fran­si­ýa­ly meş­hur sü­rü­ji Se­bas­ti­an Lýob «Prod­rive» ky­sym­ly ula­gy bi­len 3-nji or­na my­na­syp bol­dy.

Ita­li­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy­ny ýe­ne-de «In­ter» ga­zan­dy

Ita­li­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da «In­ter» bi­len «Na­po­li» to­par­la­ry du­şuş­dy­lar. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad şä­he­rin­dä­ki KSU sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len fi­nal­da «In­ter» bi­len «Na­po­li» to­par­la­ry du­şu­şyp, Mi­lan şä­he­ri­niň we­ki­li 1-0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. 1-nji ýa­ry­my gol­suz ta­mam­la­nan du­şu­şy­gyň 2-nji ýa­ry­myn­da «Na­po­li» meý­dan­ça­da 1 oýun­çy kem gal­dy. 55-nji we 60-njy mi­nut­lar­da sa­ry kart alan Jo­wan­ni Si­meo­ne oýun­dan çy­ka­ryl­dy. Tu­ruw­baş­dan go­rag tak­ti­ka­sy­ny saý­lan «Na­po­li­niň» bö­we­di­ni bö­wüs­mek «in­ter­li­le­re» 90-njy mi­nut­dan soň ba­şart­dy. 90+1-nji mi­nut­da Lau­ta­ro­ Mar­ti­ne­siň ge­çi­ren go­ly esa­syn­da «In­ter» bas­syr 3-nji, umu­my­lyk­da-da 8-nji ge­zek Ita­li­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy­ny ga­zan­dy. «In­ter» bu ugur­da «Mi­lan­dan» (7) öňe ge­çip, «Ýu­wen­tus­dan» (9) soň 2-nji orun­da bar­ýar. Bu ýe­ňiş «In­te­riň» tä­lim­çi­si Si­mo­ne In­za­gi­niň tä­lim­çi­lik­dä­ki 5-nji Su­per Ku­bo­gy­dyr. Ýa­ry­şyň ýa­rym fi­na­lyn­da «Na­po­li» «Fio­ren­ti­na­ny» (Si­meo­ne 22, Zer­bin 84, 86), «In­ter» bol­sa «La­sio­ny» (Tu­ram 17, Çal­ha­nog­lu 50 p, Frat­te­si 87) 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňip­di.

Çempion ýer eýeleri bilen duşuşar

Kot-d’Iwuar­da do­wam ed­ýän 34-nji Af­ri­ka Mil­let­ler Ku­bo­gyn­da 1/8 fi­na­la çy­kan to­par­la­r bel­li bol­dy. «A» to­par­ça­da Ek­wa­tor Gwi­ne­ýa­sy bi­len Ni­ge­ri­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry 7 utuk top­lap, 1–2-nji or­ny eýe­le­di­ler. Soň­ky 2 du­şu­şy­gyn­da il­ki 1–0, soň­ra 4–0 ha­sap­lar bi­len utu­lan ýer eýe­le­ri Kot-d’Iwua­ryň ýy­gyn­dy­sy 3-nji or­ny eýe­län­le­riň ara­syn­da iň go­wy 4 to­pa­ryň bi­ri bo­lup, ýa­ry­şy do­wam et­dir­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy.

3 ýygyndy ilkinji gezek 1/8 finala çykdy

Ka­tar­da do­wam ed­ýän 18-nji Azi­ýa Ku­bo­gyn­da Tä­ji­gis­ta­nyň, Pa­les­ti­na­nyň, Si­ri­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry il­kin­ji ge­zek 1/8 fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. «A» to­par­ça­da­ky 3-nji du­şu­şyk­lar­da Ka­tar Hy­ta­ýy Al-Haý­do­syň ýe­ke-täk go­ly bi­len ýeň­di. Tä­ji­gis­tan bol­sa gar­şy­da­şy­nyň öňe ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, oý­nuň 2-nji ýa­ry­my­ny 1 oýun­çy kem oý­nan Li­wa­ny 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bu ne­ti­je­ler­den soň, Ka­tar 10 oýun­dan bä­ri ýe­ňiş ga­za­nyp gel­ýän çem­pio­na­tyn­da 9 utuk bi­len 1-nji or­ny eýe­le­di. Tä­ji­gis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy bol­sa il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýan ýa­ry­şyn­da 1/8 fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Ka­tar 9, Tä­ji­gis­tan 4, Hy­taý 2, Li­wan 1 utuk top­la­dy.

Agyr atletikaçylarymyz Gazagystanda türgenleşikde

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy şu günler Gazagystanyň Şymkent şäherinde Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşlaryna gatnaşmak üçin okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Ýeri gelende aýtsak, türkmen agyr atletikaçylary Pariž olimpiadasynyň saýlama tapgyryna girýän ýaryşlaryň birnäçesine geçen ýylda hem gatnaşdylar. Türgenlerimiziň käbiri bolsa bu oýunlarda çykyş etmäge has ýakyn geldi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda agyr atletika ýurdumyzda iň okgunly ösdürilýän sport görnüşleriniň birine öwrüldi. Hatda Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medaly hem sportuň şu görnüşi boýunça gazanyldy. Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmenistanly agyr atletikaçy Polina Gurýewanyň gazanan kümüş medaly dünýäniň sport jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi. 2018-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen dünýä çempionatynda bolsa Ýulduz Jumabaýewanyň hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykandygyny ýatladýarys. Türkmen agyr atletikaçylary halkara ýaryşlaryň agramly böleginde hem medallara mynasyp bolýarlar. Munuň özi olaryň Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga bolan mümkinçiligini has-da artdyrýar.

Tennis: türgenlerimiziň Omandaky üstünligi

Türkmenistanyň tennis boýunça 14 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy Merkezi we Günbatar Aziýadan yklym çempionatyna wekilçilik etmäge ýollanma aldy. Bu hukuk ýakynda Omanyň Maskat şäherinde geçirilen sebitleýin ýaryşda gazanylan üstünlikden soň berildi. Ýeri gelende bellesek, türkmen türgenleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky ilkinji halkara üstünligini hut şu ýaryşda gazandy. Ýurdumyzyň çempiony Ilima Guseýnowa iki tapgyrdan ybarat bolan Merkezi we Günbatar Aziýanyň çempionatynyň ilkinji tapgyryny altyn medal bilen jemlemegi başardy.

Açyk çempionatdan goşa medal

Türkmen türgenleri karateniň kýokşunkaý görnüşi boýunça Aziýanyň açyk çempionatyndan goşa medal bilen dolanyp geldiler. Halkara ýaryş ýakynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirildi. Geçen asyryň 50-nji ýyllarynda Ýaponiýada dörän başa-baş söweş sungatynyň bu görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň medal gaznasyna altyn medallaryň ikisi goşuldy. Olary 80 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Ýazmuhammet Aşyrmyradow bilen 90 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Myrat Ekäýew gazandy.

Sport täzelikleri

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň  arasynda  woleýbol  boýunça welaýatyň göçme Kubogyny eýelemek ugrunda  ýaryş geçirildi. Gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçen ýaryşda welaýat Polisiýa müdirliginiň topary ähli garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardy we göçme Kubogyň eýesi boldy. Welaýat prokuraturasynyň topary ikinji orny eýeledi.   Ýaryşda öňdäki orunlary eýelän toparlara welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy                                                         ***Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda Balkanabat şäherindäki edara-kärhanalaryň işgärleriniň we şäheriň ýaşaýjylarynyň  gatnaşmaklarynda geçirilen küşt ýaryşy gyzykly häsiýete eýe boldy. Ýaryşyň netijesi boýunça welaýat gümrükhanasynyň işgäri Döwlet Sylyýew birinji, telekeçi Mämmedanna Halymow ikinji, «Türkmenne

Ýaş woleýbolçylar bäsleşdiler

Ýakynda Akdepe etrabyndaky 6-njy sport mekdebinde sportuň woleýbol görnüşi boýunça 2008-2009-njy ýyllarda doglan türgen toparlaryň arasynda mekdebiň açyk birinjiligi ugrunda ýaryş guraldy. Bu ýaryşa etrabyň 3-nji, 5-nji, 6-njy, 7-nji sport mekdeplerinden jemi 6 türgen toparlary gatnaşdylar. Her bir geçirilen oýun örän dartgynly we çekeleşikli boldy. Ýaryş ýaş woleýbolçy türgenleriň öz ussatlyklaryny barha artdyrýandyklarynyň şaýady boldy.

«Ak pilde» altyn medal

Geçen aýda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen «Rokirowka — 2023 Masters» küşt festiwalyna gatnaşyp, 24 ýaşynda halkara derejeli grossmeýsterligiň ähli talaplaryny ödäp, gerekli bolan utugy toplamagy başaran (2500 utuk) aşgabatly küştçi Saparmyrat Atabaýew özüniň üstünlikleriniň hataryna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýynda ýene-de birini goşdy. Ol ýakynda Türkiýe Respublikasynda geçirilen «Ak pil» atly halkara ýaryşa gatnaşyp, birinji orna mynasyp boldy. Bassyr 33-nji gezek geçirilen halkara ýaryşa dünýäniň çar künjünden güýçli küştçüleriň 27-si gatnaşdy. Ýaryşda S.Atabaýew olaryň 7-si bilen bäsleşip, mümkin bolan 7 utukdan 6,5 utuk gazanmagy başardy. Bu netije türkmenistanly küştçiniň 6 bäsdeşinden üstün çykyp, diňe biri bilen deňme-deň oýnandygyny görkezýär. Şunda onuň çempionlygyň esasy dalaşgäri hökmünde görkezilen türkiýeli küştçi Tarhan Adardan hem üstün çykandygyny nygtamak gerek.

Ezber türgen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagy, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösmegi ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Netijede bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan dürli ýaşdaky we kärdäki adamlaryň sany barha artýar. Welaýatymyzda döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýaşlaryň sany barmak büküp sanardan kän. Köýtendag etrabyndaky 55-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Bahram Haýdarow hem şolaryň biri. Ol 2015-nji ýyldan bäri okuwdan boş wagtlary Kerki etrabynyň 1-nji sport mekdebine gatnap, ussat tälimçi Anwarjan Kurbanowyň elinde sportuň adaty karate, taýboks we uşu (MMA) görnüşleri boýunça türgenleşýär. Ol 2016—2020-nji ýyllarda taýboks, uşu we adaty karateniň kumite görnüşi boýunça ýurt derejesinde geçirilýän ýaryşlarda yzygiderli ýeňiş gazanyp geldi.

Bedenterbiýe, hereket we sport barada

Bedenterbiýe adamyň öz saglygyny berkitmäge we fiziki başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen işidir. *  *  *

Çagalar üçin peýdaly sport görnüşi

Keselleriň öňüni almakda, olary bejermekde, adamyň sagdyn hem ruhubelent bolmagynda sportuň peýdasy uludyr. Sporta «Saglygyň sakasy» diýilmegi ýöne ýerden däldir. Her gün 30-60 minut sport bilen meşgullanmak sagat we berk bedenli bolmaga ýardam edýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, çagalar üçin peýdaly sport görnüşleriniň biri-de suwda ýüzmekdir. Onuň çaganyň sagdyn ösmegi üçin peýdaly taraplary köpdür. Bedeniň yssy hem sowuk howa çydamlylygyny artdyrýar we taplaýar. Çaga seýrek syrkawlaýar. Ol el-aýak, bil myşsalarynyň çeýeligini berkidýär. Çaga suwda ýüzýän wagtynda ýadamaýar we onuň ähli myşsalary hereket edýär. Lukmanlar suwda ýüzmegiň ýürek-damar işjeňligini berkidýändigini, ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni alýandygyny, dem alşy kadalaşdyrýandygyny, çaganyň nerw ulgamyna, aň-düşünjesine hem oňyn täsiriniň bardygyny aýdýarlar. Suwda ýüzmegiň umumy beden berkidiji aýratynlygy bar. Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan çaga lukmanynyň aýdyşy ýaly, suwda ýüzmek çaganyň ömrüni halas etmegiň möhüm durmuş endigidir. Ol çydamly, güýçli we bedeniň çeýe bolmagynda ähmiýetlidir. Arassa mylaýym suw beden bilen galtaşanda, sagdynlyk, ruhubelentlik we şähdaçyklyk berýär. 

Balkanabatda geçen ýurdumyzyň birinjiligi

Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda ýurdumyzyň birinjiligi geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralan ýaryşa Diýarymyzyň çar künjeginden zehinli türgenler gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. 17 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň arasynda gylyçlaşmagyň şpaga görnüşi boýunça guralan ýaryşda oglanlaryň arasynda Aşgabatdan Arslan Agaýew, gyzlaryň arasynda welaýatymyzdan Ýelizaweta Prytkowa ýurdumyzyň çempiony diýen ada eýe boldular. Bu ýaşdakylaryň arasynda rapira boýunça geçirilen ýaryşda balkanly türgenlere taý tapylman, oglanlaryň arasynda Şatlyk Orazow, gyzlaryň arasynda Çynar Goşungeldiýewa ähli garşydaşlaryndan üstün çykdylar. Gylyç görnüşinde bolsa Mary welaýatyndan Guwanç Gurdow we Ýelizaweta Wodopýanowa altyn medallaryň eýeleri bolmagy başardylar.

Çempionlar ýene çempion

Türkmen türgenleri karateniň kýokşunkaý görnüşi boýunça Aziýanyň açyk çempionatyndan goşa medal bilen dolanyp geldiler. Halkara ýaryş ýakynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirildi. Geçen asyryň 50-nji ýyllarynda Ýaponiýada dörän başa-baş söweş sungatynyň bu görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň medal gaznasyna altyn medallaryň ikisi goşuldy. Olary 80 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Ýazmuhammet Aşyrmyradow bilen 90 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Myrat Ekäýew gazandy.

Estafeta bäsleşigi

Gökdepe etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda 8-9 ýaşly mekdep okuwçylarynyň arasynda «Biz Oguz han nesli» atly şadyýan estafeta bäsleşigi geçirildi. Oňa etrapdaky umumy bilim berýän mekdeplerinden toparlar gatnaşdy. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi bilen etrap bilim bölümi tarapyndan bilelikde guralan bäsleşikde ruhubelent çagalar toply we halkalaýyn bellenilen aralyga ylgamak boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler. Turuwbaşdan çekeleşikli ýagdaýda geçen ýaryşda etrapdaky 19-njy orta mekdebiň topary ýeňiji boldy. 11-nji orta mekdebiň topary ikinji, 12-nji orta mekdebiň topary bolsa üçünji orunlary eýelediler. Ýeňiji toparlar «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglandy.

Şadyýan estafeta

Tejen etrabyndaky 42-nji orta mekdepde “Biz Oguzhan nesli” atly şadyýan estafeta bäsleşigi geçirildi. Etrapdaky umumybilim berýän mekdepleriň 8-9 ýaşly okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşik “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan guraldy. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli geçirilen bäsleşikde mekdep okuwçylary ukyp-başarnygyny görkezdiler. Onuň netijesinde etrapdaky 24-nji orta mekdebiň topary birinji, 32-nji orta mekdebiň topary ikinji, 15-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijiler hormat hatlary bilen sylaglandy.