Şadyýan estafeta

22 Ýanwar 2024
477

Tejen etrabyndaky 42-nji orta mekdepde “Biz Oguzhan nesli” atly şadyýan estafeta bäsleşigi geçirildi. Etrapdaky umumybilim berýän mekdepleriň 8-9 ýaşly okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşik “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan guraldy.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli geçirilen bäsleşikde mekdep okuwçylary ukyp-başarnygyny görkezdiler. Onuň netijesinde etrapdaky 24-nji orta mekdebiň topary birinji, 32-nji orta mekdebiň topary ikinji, 15-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijiler hormat hatlary bilen sylaglandy.

Aşyrgeldi HOJAMGULYÝEW,
Tejen etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy.