Oba hojalyGY: täze hasylyň aladasy

10 Mart 2021
955

Halkymyzda: «Ekin ekseň, bugdaý ek» diýlip aýdylan ajaýyp söz bar. Munuň özi ýurdumyzda bugdaýa uly sarpa goýulýandygyny alamatlandyrýar.

Ýolöten etrabynyň «Momotaý» daýhan birleşiginiň kärendeçi zenany Dursunjemal Ýarykowa özüniň 2 gektar mülk ýerinde ekiniň bitginli hasylyny ýetişdirýär. Ol geçen ýylyň güýzünde mülk ýerine bugdaý ekdi. Yhlasly zähmeti netijesinde gowy gögeriş alyp, şu günler bugdaýy iýmitlendirmek, suw tutmak işlerini agrotehnikanyň talaplaryna görä ýerine ýetirýär. Ýylyň-ýylyna bereketli hasyl alyp, kärdeşlerine görelde bolmagy başarýan kärendeçi zenan Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Watan harmanyna bol hasyl tabşyrmak ugrunda aladalanýar.