Nesil saglygynyň goragynda

24 Fewral 2021
666

Häzirki wagtda enäniň we çaganyň saglygyny goramaga milletiň saglygynyň girewi hökmünde döwlet derejesinde üns berilýär. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen hassahanalaryň gurulmagyny, ynsan saglygynyň goragynda gaýym durýan hünärmenleriň ýetişdirilmegini, olaryň hünär ussatlygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny, eneleriň we çagalaryň sagdyn ýaşamaklary, dogry iýmitlenmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegini muňa mysal hökmünde görkezip bileris.

Şu günler welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde lukmanlar üçin amaly okuwlar geçirilýär. Türkmenistanda enelere we çagalara berilýän lukmançylyk kömeginiň hiliniň has-da ýokarlanmagyny üpjün etmek maksady bilen geçirilýän bu okuwlara merkeziň akuşer-ginekolog, anesteziolog we reanimatolog, neonatolog lukmanlary gatnaşýarlar.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.