Ýer böleklerine bolan hukuklar hakynda

24 Fewral 2021
883

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça hem ägirt uly özgertmeler, dürli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, ýurtda hukuk döwletiniň esaslaryny berkitmekde, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly we berk goralmagyny üpjün etmekde uly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu ugurdaky işler döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan milli hukuk ulgamymyzy kämilleşdirmekligiň strategiki meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyrlaryny özünde jemleýär. 

Ýurdumyzda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň, hukuklaryň borçlanmalarynyň ykrar edilmegi we olaryň goralmagyny kämilleşdirmek maksady bilen kabul edilen «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýüze çykýan gozgalmaýan emläge bolan ähli hukuklar we gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly ähli geleşikler döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir. Bu Kanuna laýyklykda, ýer böleklerine bolan hukuklary döwlet belligine almak Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Muhammet BEGJANOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Balkan welaýat müdirliginiň Balkanabat şäher bölüminiň bellige alyjysy.