Söz — parahatçylygyň keşbinde

16 Fewral 2021
986

Hormatly Prezidentimiziň 7-nji fewralda medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirende aýdyşy ýaly, ýazyjy-şahyrlaryň tolgundyryjy sözleri hiç kimi biparh goýmaýar. Gahryman Arkadagymyz: «Şoňa görä-de, biziň millet derejesinde gazanan üstünliklerimiz, ýeten sepgitlerimiz medeniýetiň ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr» diýmek bilen, jemgyýetde döredijilik işiniň, ilkinji nobatda, söz sungatynyň tutýan ornuna ýokary baha berdi.

Allatagala adamlara ýaşaýşyň dogry ýoluny görkezýän SÖZI ugradypdyr. Ähli mukaddes kitaplar sözden ybarat. Söz adamzady iň gowy häsiýetlere, şonuň bilen birlikde, parahat ýaşaýşa ugrukdyrypdyr.

Akmyrat HOJANYÝAZ.
«Türkmenistan».