Ýüregimiz buýsançdan doly

17 Fewral 2021
1048

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, döwletimizde ynsan mertebesi belentde tutulýar. Muny döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň esasynda amala aşyrylýan işleriň beýanynda görmek bolýar.

2021-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, halkymyz şatlykly habarlaryň birnäçesiniň şaýady boldy. 12-nji fewralda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem-de şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň netijelerine seredildi. Onda halkymyzyň bähbidine gönükdirilen birnäçe oňyn başlangyçlara, degişli Kararlaryň taslamalaryna seredildi.

Baýrammuhammet NURAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň okuw bölüminiň hünärmeni.