Ýol abat — il abat

14 Awgust 2024
105

Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Ýol abat — il abat» ady bilen şäherçedäki 54-nji çagalar bagynda wagyz-ündew çäresi geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň we bilim ulgamynyň işgärleri, şol çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler gatnaşdylar.

Wagyz-ündew çäresinde çykyş edenler ýolyşygyň we ýol belgileriniň düzgünleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Olary çagalara sada dilde düşündirdiler. Ýollarymyzyň asudalygyny goramakda döredilýän şertlerden dogry peýdalanmagy maslahat berdiler. Munuň üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Ýarmuhammet Setdarow,
Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçiligi toparynyň wzwod serkerdesi, polisiýanyň kapitany.