Geňeşli iliň döwletli ýoly
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleri wagyz etmek we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän taryhy çözgütleriň möhüm ähmiýetini düşündirmek maksady bilen, «Halk Maslahaty — döwletli ýörelgelere badalga» atly maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.