Kadaly iýmitlenmegiň ähmiýeti

7 Iýul 2024
375

Mesge ýagy süýt önümlerine degişli bolup durýar. Mesge ýagynyň düzümindäki witaminler, mineral maddalar, maldan alynýan ýaglar, beloklar adam bedeniniň fiziologik aýratynlyklaryna görä gündelik iýmitlenmeli maddalardyr. Ol adam üçin bedeniň madda çalşygyny kadalaşdyryp, reproduktiw, nerw we ýürek-damar ulgamlarynyň kagaly işlemegini üpjün edýär we esasy energiýa çeşmesiniň biri bolup durýar. Mesge ýagynyň düzüminde ýag turşularyndan başga-da A, B, C, D we E witaminleri bardyr. Bu bedeniň sagdyn ösmegini, dürli kesellere bolan durnuklylygyny artdyrýan ýokumly iýmit önümleriniň hataryna girýär.

Durmuşda spred (garyşyk) ýaglary duş gelýär. Spred ýaglary dürli gatnaşykda mesge (süýt ýagy) ýa-da ösümlik ýaglary goşulyp öndürilen ýag önümidir. Spred ýaglary nahar bişirmek, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary, şeýle hem çörek bişirmek, konditer önümleriniň, konserw we azyk senagatynyň beýleki pudaklary üçin niýetlenendir.

Annamyrat NAZAROW,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň döwlet arassaçylyk gözegçilik bölüminiň baş hünärmeni.