Kroos futboly, Ronaldu bolsa Ýewro-2024-i terk etdi

7 Iýul 2024
190

Ispaniýanyň milli ýygyndysy Ýewro-2024-iň çärýek finalynda ýer eýesi Germaniýany ýaryşdan çykardy. Oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. Duşuşygyň 51-nji minutynda Dani Olmonyň goly Ispaniýany hasapda öňe çykaran bolsa, Florian Wirziň 89-njy minutdaky dürs urgusy ýer eýelerini esasy wagtda ýeňlişe sezewar bolmakdan halas etdi. Oýnuň goşmaça wagty hem diýseň dartgynly geçdi. Goşmaça wagtda, has takygy, 106-njy minutynda Ispaniýanyň goragçysy Mark Kukurelýa öz jerime meýdançasynyň içinde Germaniýanyň ýarymgoragçysy Jamal Musialanyň derwezä depen urgusyny eli bilen gaýtardy, emma angliýaly emin Entoni Teýlor şol pursatda Germaniýanyň peýdasyna 11 metrlik jerime urgusyny bermekden saklandy. 119-njy minutda Mikel Merinonyň kellesi bilen geçiren goly Germaniýany ýaryşdan çykardy.

Bu gapma-garşylyk barada ýene bir bellenilmeli zat, duşuşyk Germaniýanyň ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Toni Kroosyň karýerasyndaky ahyrky oýun boldy. Ol heniz ýaryş başlanmanka, Ýewro-2024-den soňra futbolçulyk karýerasyny tamamlajakdygyny mälim edipdi.