«Tebigy ekinde» zähmet gaýnap joşýar

9 Aprel 2024
458

Çärjew etrabynda 953,5 gektar meýdana uzap gidýän Ruslan Bäşimowyň ýolbaşçylyk edýän «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň ekin meýdanlarynda baharyň ilkinji günlerinden başlap hereket güýjedi. Hojalykda howanyň maýlamagy bilen ekilen ekinleriň agramly böleginden häzirki günlere çenli gowy gögeriş alyndy.

Eýýäm 350 gektar meýdanda ýeralma, 7 gektar meýdanda ýazky kelem ekildi. 20 gektar meýdany bolsa sogan tutýar. Bu entek hemmesi däl. Wagtyň geçmegi bilen gök we bakja ekilen atyzlaryň meýdany artýar.

Maral AKMYRADOWA,
öz habarçymyz.