Uniwersiadanyň çäklerinde

28 Fewral 2024
423

Düýn Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII uniwersiadanyň çäklerinde talyp oglanlaryň arasynda erkin göreş boýunça ýaryş geçirildi. Şeýle ýaryşlar talyp türgenleriň öz ukyp-başarnyklaryny giňden açyp görkezmegine mümkinçilik berýär.

Ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary toparlaýyn birinji orna mynasyp boldular. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary ikinji, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň talyplary bolsa üçünji orny eýelediler.

Baýram JUMANÝAZOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.