Gyrgyz topragynda akyldar şahyrymyzy sarpalap

6 Dekabr 2023
474

1-2-nji dekabrda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Bişkek şäherinde akyldar şahyrymyza bagyşlanyp «Magtymguly Pyragynyň adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklarynda tutýan orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hünärmenlerinden düzülen türkmen wekiliýeti Bişkek şäherinde saparda boldy.

1-nji dekabrda Manas adyndaky Gyrgyz-türk uniwersitetiniň Kasym Tynystanow adyndaky mejlisler jaýynda ýaýbaňlandyrylan maslahata ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyplary, Bişkek şäherinde bilim alýan türkmen ýaşlary hem gatnaşdylar. Onda dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, Manas adyndaky Gyrgyz-türk uniwersitetiniň rektory Alparslan Jeýlan, şol ýokary okuw mekdebiniň ynsanperwer bilimler fakultetiniň dekany Alparslan Aşyk çykyş etdiler. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň wekilleriniň çykyşlary hem maslahata gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Çykyşlarda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi boýunça gyzykly maglumatlar öz beýanyny tapdy. Maslahat bilen ugurdaşlykda uniwersitetiň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergide Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryna, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillerde çap edilen neşirlerine, türkmen halkynyň medeni mirasynyň gymmatlyklaryna giň orun berlip, olar bu ýere gelenlerde aýratyn täsir galdyrdy.

Toýly HOMMYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.