Welosportçularyň ümzügi ileri

21 Fewral 2024
284

Biziň sport mekdebimiz welaýatymyzda welosport bilen meşgullanylýan ýeke-täk tälim ojagydyr. Şu günler sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenlerimiz tälimçiler Jalil Orunowyň we Şöhrat Egenowyň ýolbaşçylygynda öňde duran ýaryşlara taýýarlanýarlar.

Häzirki wagtda mekdebimizde welosport boýunça türgenleriň 40-a golaýy türgenleşýär. Şolaryň 30-dan gowragy bolsa eýýäm milli derejeli ýaryşlara gatnaşyp ýören türgenlerdir. Türgenlerimiziň arasynda ýurdumyzyň iki gezek çempiony Döwlet Orunow we Denis Konoreýkin, Şatlyk Şöhradow, Maksat Merdanow ýaly ýaşlaryň beýleki ýoldaşlaryna hem görelde bolýandyklaryny aýratyn nygtamak gerek.

Mähri JUMAKULYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň usulyýetçisi.