Uşu boýunça Türkmenistanyň birinjiligi

22 Fewral 2024
330

Sagdynlygyň mekanyna öwrülen ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň düzümine ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden mynasyp türgenleri seçip almak, halkara derejeli ýaryşlara taýýarlyk görmek, sportuň uşu görnüşini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Uşu federasiýasynyň guramagynda şu ýylyň 1 — 3-nji marty aralygynda Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebinde uşu boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirilýär.

Ýaryşa welaýatlardan we Aşgabat şäherinden ýygyndy toparlar, jemi 20 türgen gatnaşar.

«Daşoguz habarlary».