Küşt boýunça milli birinjilik

17 Ýanwar 2024
385

Aşgabatda 7, 9, 11, 13, 15 we 17 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiligine bu oýna höwesjeňleriň 400-den gowragy gatnaşdy.

Iň kiçi ýaş derejesindäki ýaryşlar paýtagtly Çaryhekim Çaryýewiň we maryly küştçi Anna Çaryýewanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Çaryhekim mümkin bolan 9 utugyň ählisini gazanyp, 100 göterimlik netije görkezen bolsa, Anna ýaryşy 8 utuk bilen jemledi. 9 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Lebap welaýatyndan Maksat Awlýakulyýew mümkin bolan 9 utukdan 8-sini toplap, öz şahsy sport sene ýazgysyna ýene bir çempionlygy goşmagy başardy. Şu ýaş derejesinde gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda lebaply Dünýä Ruslanowa taý tapylmady. Geçen ýyl hem çempion bolan zehinli gyz duşuşyklaryň birinde hem utuk ýitirmedi. Mary welaýatyndan Alyhan Batyrow 11 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda toplan 8,5 utugy bilen iň ýokary netije gazandy. Bu ýaşda gyzlaryň arasynda lebaply küştçi Aýýa Baýramowa iň ýokarky basgançaga çykyp, mümkin bolan 9 utukdan 8-sini gazanmagy başardy.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».