Zehinli talyp, ezber türgen

16 Ýanwar 2024
599

Ýurdumyzda sport bilen meşgullanýan ýaşlara uly goldaw berilýär. Häzirki döwrümizde ýaş zehinli türgenlerimiziň biri-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Döwletgeldi Mamenowdyr.

Döwletgeldi ýedi ýaşyndan bäri sportuň adaty karate görnüşi boýunça türgenleşip gelýär. Ol, ilki, etrap derejesinde, soňra welaýat, döwlet tapgyrlarynda birnäçe gezek ýeňiji boldy.  Döwletgeldi Mamenow 2012-nji ýylda Daşoguz welaýaty boýunça birinjiligi almak ugrundaky ýaryşda şahsy kata görnüşde çykyş edip, 1-nji orny eýeleýär. Soňra 2013-nji ýylda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň XIX açyk çempionatynda şahsy kata görnüşi boýunça çykyş edip, 2-nji ýere mynasyp bolýar. 2015-nji ýylda bolsa Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň XIII kubagyny almak ugrundaky ýaryşda sportuň EN-BU görnüşi boýunça görkezme çykyş edip, 2-nji orny eýeleýär. 2016-njy ýylda hem Türkmenistanyň çempionatynda 1-nji orna mynasyp bolýar. Şeýle uly ýaryşlar Döwletgeldiniň sportda tejribesini has-da artdyrýar.

Jeren ATABAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.